SPORT

Maýkl Jordanyň sport köýnekçesi näçe durýar?

Dünýä belli basketbolçy Maýkl Jordanyň sport köýnekçesi satuwa çykaryldy. “Sotheby’s” söwda öýünde geçirilen auksionda Jordanyň köýneçesi rekord bahadan 10,1 million dollara satyldy. Guramaçylar köýnekçäniň bahasynyň 5 million dollara barabar bojakdygyny çakladylar.

Maýkl Jordan bu köýnekçesi bilen özüniň basketbol sport durmuşyndaky soňky möwsümini geçirdi. Ol bu köýnekçäni 1998-nji ýylda NBA-de geçirilen final duşuşygynda hem geýipdi. Ýagny final duşuşygynyň köýnekçesiniň bahasy 10 million 100 müň dollara deň boldy.

Jordan dünýä belli tügrneleirň sport eşikleriniň söwdasynda rekord goýdy. Mundan ozal, dünýä belli futbolçy “Taňrynyň eli” lakamly argentinaly Diego Maradonanyň sport köýnekçesi 9,28 million dollara satylypdy. Ol bu köýnekçe bilen 1986-njy ýylda geçirilen dünýä çempionatynda çykyş edip, “Taňrynyň eli” ady bilen ýatda galan goluny geçiripdi.

Ýene-de okaň

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy