Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni türkmen taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzda halkymyzyň abadan ýaşaýşy, ýaşlarymyzyň döwrebap şertlerde ylym we bilim almagy ugrunda döwlet derejesinde aladalar edilýär. Şu nukdaýnazardan, eziz Diýarymyzda bolup geçýän her bir taryhy waka halkymyzyň ruhuny belende göterýär.
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda eziz Diýarymyz ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň biri bolmak bilen, iri möçberli taslamalary we gurluşyklary üstünlikli durmuşa geçirýär. Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda ýaşlarymyzyň ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýändigini aýratyn bellemegi buýsançly ýaşlaryň kalbyny has-da galkyndyrdy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň altyn güýzüň ilkinji gününde — Bilimler we talyp ýaşlar güni geçirilmeginiň özeninde çuňňur many-mazmun bar. Ýaşlar okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen ata Watanymyzyň bilim binýadyny has-da pugtalandyrýarlar. Ýurdumyzda ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin zerur şertleri döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim binýady berkden tutulan ýurdumyzyň eşretli geljegi aýdyňdyr.
Gurultaýda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşlarynyň döwlet tarapyndan goldanylýandygyny, olaryň öňyn özgertmelere işjeň çekilmeklerine ýardam berilýändigini kepillendirýär. Onuň maksadynda Garaşsyz döwletimiziň ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň çekilmegini üpjün etmek goýulýar. Diýarymyzda telekeçilik işini ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu asylly işleri talabalaýyk dowam etdirmek geljek nesle bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, döwür bilim ulgamyndan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýokary hünär ussatlygy bolan, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan ylymly-bilimli, watansöýüji hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär.
Şonuň üçin ähli ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň täze döwrebap usullary ornaşdyrylyp, bu ugurda uly işler alnyp barylýar.
Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksadaokgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine girişen pursatynda hem belläp geçipdi. Ýaşlarymyz munuň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümiziň bagtyýar günleriniň her bir pursatynda janly şaýatlary bolýar.
Bibimerýem Gulamowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň talyby.
