JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Gazpromyň” başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller bilen duşuşdy. Bu barada rus holdinginiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistan bilen “Gazprom” kompaniýasynyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

– Türkmenistanyň Prezidenti bilen Alekseý Miller energetika hyzmatdaşlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem Alekseý Miller Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy – diýip, metbugat beýannamasynda bellenilip geçilýär.

Bu möhüm duşuşyklar “Gazprom” kompaniýaysnyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde bolup geçdi.

“Gazprom” kompaniýasynyň wekilligi 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanda hereket edýär.

Mälim bolşy ýaly, iýun aýynyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabatda geçirilen Hazar sammitine gatnaşyp, habarçylara beren beýanatynda “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçy düzüminiň Türkmenistana saparynyň göz öňünde tutulýandygyny belläpdi. Russiýanyň Prezidenti, energiýa hyzmatdaşlygynyň adaty ugurlarynda Moskwa bilen Aşgabatyň birnäçe şertnamany dowam etdirmek barada şertnamalarynyň bardygyny aýdypdy.

 

Ýene-de okaň

Awazada Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň milli tagamlary tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Awazada «Türkmenistan — Özbegistan — Azerbaýjan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi

BMG-niň Awaza forumy: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy