DÜNÝÄ

Rumyniýanyň Türkmenistana täze belenen ilçisi wezipesine girişýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Rumyniýanyň Türkmenistana täze belenen Ilçisi Ion Nawal bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow Rumyniýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik wezipesinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi. Şonuň ýaly-da, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmagyň meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Abraýly sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, şonuň ýaly-da halkara ähmiýetli başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, taraplar ikitaraplaýyn saparlar görnüşinde, şeýle-de köptaraplaýyn düzümleriň formatynda ýokary derejedäki duşuşyklaryň guralmagynyň zerurlygyny beýan etdiler.

Duşuşygyň çäklerinde, Ilçi Ion Nawal Türkmenistanyň Daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy hem-de özüniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesini amala aşyrýan döwründe türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar