JEMGYÝET

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaý toplumy gurlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan işler hem-de Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň üstünden uçuşy tamamlap, paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň we Nurmuhammet Andalyp köçesiniň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanynda gurluşygy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň ýerleşjek ýerlerine degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Aşgabadyň Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy meýilleşdirilýändigini belledi. Hasabatyň dowamynda hormatly Prezidentimize bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Bu ýerde 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň jemi 18-si, 2 gatly söwda merkezleriniň 2-si, 720 orunlyk mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, awtoduralgalar, sport meýdançalary bina ediler. Şeýle hem “Gurtly” ýaşaýyş toplumy Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen günbatarlygyna tarap uzalar.

Şol bir wagtyň özünde agaç gurnawlaryndan ybarat bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ornunda täze, häzirki zaman ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Mäti Kösäýew köçesiniň ugrunda gurulmagy teklip edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň şekil taslamalary görkezildi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri