Russiýanyň metbugatynyň goňşy döwletlerde gatnaşygyny giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistanda TASS habarlar agentliginiň wekilhanaçy açyldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Maglumat we metbugat bölüminiň müdiriniň orunbasary Iwan Neçaýew metbugat brifinginde habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, Moskwadan Türkmenistana iberilen habarçy işine başlady. Bu wakanyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda bolmagynyň ähmiýetlidigi bellenildi.
Moskwa bilen Aşgabatyň arasyndaky hyzmatdaşlyk deňlik we birek-birege hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerine ünsli garamak bilen häsiýetlendirilýän strategiki hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýar.
Neçaýew TASS-yň Türkmenistanda wekilhanasynyň açylmagynyň Türkmenistandaky syýasy, ykdysady, medeni, ylmy, sport ulgamlaryndaky bolup geçýän täzelikleriň Russiýanyň, şeýle hem daşary ýurtly okyjylara ýetirilmeginde netijeli mümkinçilik bolup durýandygyny belledi.
Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň wekili maglumat pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi döwletlerimiziň halklarymyzyň arasynda däp bolan berk we köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge mümkinçilik döretjekdigini belläp geçdi.
TASS habarlar agentliginiň 63 ýurtda 68 daşary ýurt wekilhanasy we Russiýada 70 sebit merkezi we habarçy nokatlary bar.