Niderlandlar Patyşalygynyň Tehniki uniwersitetinde diňe bir daşky gurşawa zyýan bermän, eýsem menzil aşanda howadaky kömürturşy gazyny hem özüne siňdirýän elektrikli awtoulag öndürildi.
Awtoulagy öndürijileriň aýtmagyna görä, täze awtoulagyň has köp möçberde kömürturşy gazyny özüne siňdirmegi bilen tapawutlanjakdygy mälim edildi.
“Zem” topary bu awtoulagy öndüren wagty täzeden ulanyp bolaýjak plastik serişdelerinden peýdalandy.
Ulagyň içinde ulanylan materiallar hem ekoligýa taýdan çydamlydyr. Şeýle hem onuň aýnalarynyň ýerine polikarnobat ulanylyp, onuň daşky gurşawa has az zyýanlydygy bellenildi.
Ulagda ýerleşdirilen maglumat-dynç alşy ulgamy, elektrinika we ýagtylandyryş ulgamlary islendik wagty ulagdan aýryp, başga ýerde ulanmak mümkinçiligine eýedir.
Işläp düzüjileriň bellemegine görä, ulag sagatda 60 kilometr tizlikde giden halatynda ýyllyk 20600 kilometr ýol geçende, bary-ýogy 2 kilogram kömürturşy gazyny howa goýberýär. Şonuň üçin bu tehnologiýanyň tutuş dünýäde millionlarça ulagda ulanylan halatynda, onda howanyň arassalanmagyna uly goşant bolar.
“Zem” filtri 320 kilometr menzil geçenden soňra kömürtuşy gazy bilen dolýar. Howadan sorulyp alnan kömürturşy gazyny ýörite çeleklerde saklamak mümkin. Ýöne alymlar entek sorulyp alnan kömürturşy gazyndan nähili peýdalanjakdygy barada belli netije gelmedi.
Ýöne şol kömürturşy gazyndan ekologik beton, sintetiki ýangyç we plastik öndürmek mümkindir.