SPORT

2 million ýewro aldy, 32 million ýewro satdy

Angliýanyň “Mançester Siti” topary düzümindäki ukrainaly goragçy Aleksandr Zinçenkony “Arsenal” toparyna satdy. “Siti” topary 2 million ýewro satyn alan futbolçysy 32 million ýewro satdy.

Aleksandr Zinçenko Angliýanyň “Mançester Siti” toparyna 2016-njy ýylda Russiýanyň “Ufa” toparyndan gelipdi.

Ol iňlis toparynyň düzüminde çykyş eden döwründe köp sanly kuboklary gazanmagy başardy.

Zinçenko üçin “Arsenal” topary 32 million ýewro töledi. 25 ýaşyndaky Zinçenko “Arsenal” toparynyň düzüminde çykyş etmegi çagalykdan bäri arzuw edip gelendigini belledi.

Ol çagalygynda “Arsenal” toparynyň düzüminde ykyş eden Tieri Anri we Sesk Fabregas ýaly futbolçylaryň oýnan döwründe toparyň duşuşyklaryny tomaşa etmekden lezzet alandygyny mälim etdi.

“Arsenal” topary Gabriel Žesusdan soňra “Siti” toparyndan Zinçenkony hem satyn aldy. Zinçenko “Arsenalyň” şu möwsümde satyn alan 2-nji gymmat futbolçysy boldy.

 

Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz ibermekde lider bolmagynda galýar

Ýene-de okaň

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar