Şu gün Buharanyň ýaşlar merkezinde birinji Türkmen-özbek sebitara forumy geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýum syýasaty we söwda ministrliginiň habar bermegine görä, türkmen-özbek sebitara forumynyň çäklerinde köp sanly ikitaraplaýyn işewürlik ylalaşyklaryna gol çekildi.
Forumyň çäginde “B2G” we “B2B” formatlarynda gatnaşyjylaryň arasynda dürli duşuşyklar, şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Forumyň netijesinde jemi 451 million dollarlyk maýa goýum we söwda şertnamalaryna gol çekildi.
Birinji Türkmen-özbek sebitara forumy geçirildi. Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 40-a golaýyna gol çekildi.
Türkmen we özbek telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirjek resminamalar eksport we import amallary boýunça, şeýle-de bilelikdäki şertnamalardan ybaratdyr. Hususan-da, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen serhetleşýän Lebap we Daşoguz welaýatyndan bolan telekeçileriň uly topary özbegistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar.
Gol çekilen resminamalara laýyklykda, oba hojalyk önümleri, azyk we gurluşyk, senagat ugurly harytlary birek-birege eksport we import etmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bilelikdäki haly öndürýän kärhanany döretmek göz öňünde tutulýar.

ULAG HYZMATDAŞLYGYNA HEM ÜNS BERILDI
Buhara şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýum syýasaty we söwda ministri Sardor Umurzakow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy durnukly ösüşe eýe bolup, 2021-nji ýylda 67 göterim artdy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny ýakyn wagtda 2 milliard dollara ýetirmek babatda ylalaşdylar. Bu babatda taraplar “Lebap — Buhara” we “Daşoguz — Horezm” türkmen-özbek söwda zolaklaryny döretmek meselelerini çaltdyrmak babatda ylalaşyga geldiler.
Ulag we logistika gatnaşyklaryny ösdürmek we iki ýurduň üstaşyr mümkinçilikleri ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylandygy we olar babatda degişli sanlar getirildi:
- geçen ýyl Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda ýük daşamagyň ösüş depgini 2,2 million tonna barabar boldy.
- demir ýol we awtomobil ulaglary boýunça geçen ýyl bilen deňeşdirilende 50 we 300 göterim ösüş gazanyldy.
- Bu nukdaýnazardan göni we üstaşyr gatnaw nyrhlaryny düzgünleşdirmegiň şertlerini gowulandyrmagyň mehanizmleri, şeýle hem ulag ugurlaryny diwersifikasiýa etmek boýunça bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Lebap-Buhara†we “Daşoguz-Horezm†söwda zolaklary dörediler
