Bu sowalyň jogaby şu ýylyň 5-nji sentýabrynda belli bolar. Şol gün Beýik Britaniýanyň wezipesini tabşyran Premýer-ministri Boris Jonsonyň ýerine geçjek täze hökümet baştutany mälim ediler. Bu barada Konserwatiw partiýasynyň komitetiniň ýolbaşçysy Grem Bredi habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, ýokary döwlet wezipesi üçin dalaşgärler parlamentiň agzalarynyň 20-siniň goldawyny almaly. Mundan ozal, partiýanyň adaty düzgünleri boýunça 8 deputatyň goldawy ýeterlik bolýardy.
Dalaşgärler şu gün öz dalaşgärligini hödürlemeli. Ertir, ýagny 13-nji iýulda ses bermegiň birinji tapgyry geçiriler. Dalaşgärler ikinji tapgyra geçmek üçin 30 ses almalydyr. Ses bermegiň ikinji tapgyry 14-nji iýulda guralar.
21-nji iýulda parlamentiň tomusky dynç alşyna çykylmazdan ozal, dalaşgärleriň sany 2-ä çenli azaldylar.
Soňky 2 dalaşgär üçin tomus möwsüminde poçta arkaly ses berlişik geçiriler. Onuň netijesi boýunça ýeňiji 5-nji sentýabrda mälim ediler.
Ýeňiji bolan Konserwatiw partiýasynyň täze ýolbaşçysy hem-de Beýik Britaniýanyň nobatdaky Premýer-ministri bolar.
Häzirki wagtda 11 dalaşgär bolup, olaryň arasynda halkara söwda ministri Penni Mordont, daşary işler ministri Liz Trass, ozalky maliýe ministri Rişi Sunak, ozalky saglygy goraýyş ministri Sajid Jawid bar.
Talyp-2022: orta hünär mekdeplerinde täze hünärler açyldy
