BILIM

Täze rektorlar wezipä bellendi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Aknabat Atabaýewa Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellenip, ol Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

D.Myradow S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.

Allaberdi Gapurow Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesine bellendi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesine Döwlet Ýolowy bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

 

Täze saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bellendi

Related posts

Talyp-2022: ýokary okuw mekdeplerinde täze ugurlar

Dünýäniň iň owadan sözi belli boldy

Türkmenistanda birnäçe halkara olimpiadalary geçirmek meýilleşdirilýär