SPORT

Garet Beýl futbol ýoluny Amerikada dowam etdirer

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen şertnamasyny tamamlan uelsli Garet Beýl futbol ýoluny ABŞ-da dowam etdirer. Ol “Los-Anjeles” topary bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Ol erkin futbolçy hökmünde täze topary bilen şertnama baglaşyp, şertnama möhletini ýene-de 18 aý uzaltmak şerti hem göz öňünde tutuldy.

– “Los-Anjeles” toparyna geçendigim üçin örän şat. Bu meniň üçin örän amatly ýer. Täze topar bilen täze üstünliklere uly sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn – diýip, Beýl belledi.

Bu toparyň eýesi Larri Berg hem Garet Beýliň öz toparynyň hataryna goşulmagyna uly kanagatlanma bildirdi. Ol şeýle ýokary derejedäki futbolçynyň öz toparynda oýnamagynyň ABŞ-nyň futbol çempionaty üçin hem möhüm bolup durýandygyny belledi.

Garet Beýl öz döwrüniň iň gymmat futbolçylarynyň biridir. Angliýanyň “Sautgempton” toparynda futbol ýoluna başlan Beýl gysga wagtda şöhrat basgançaklaryna çykyp, “Tottenhem” toparynda görkezen ynamly oýuny bilen “Real Madrid” topary tarapyndan 100 million ýewro satyn alnypdy.

ABŞ-nyň futbol çempionatynda hem köp sanly meşhur futbolçylar oýnaýar. Olardan Duglas Kostany, Matýuidi, Çiçarito, PAto, Kýellini, Lorensi Insinýa ýaly futbolçylary agzamak bolar.

 

Türkmen Lideri türk işewürlerini kabul etdi

Ýene-de okaň

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy