BIZNES

Köneürgenç şäherinde telekeçiler mekdebiniň bölümçesi açyldy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler mekdebi diňe bir paýtagt Aşgabatda däl, eýsem, welaýat, etrap merkezlerinde, şäherçelerde hem hereket edýär. Ýaňy-ýakynda hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde TSTB-niň Telekeçiler mekdebiniň bölümçesi öz işine başlady. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Täze açylan bölümçede 30 ugur boýunça bilim berler. Şol sanda, iňlis, nemes, hytaý, rus dilleri, fizika, himiýa, taryh dersleri çuňlaşdyrylyp öwrediler. Kompýuter sowatlylygy, buhgalteriýanyň esaslary, arhiw işini dolandyryş, gid terjimeçi hünärleri boýunça bilim alanlara önümçilikde we gaýry ugurlarda işlemäge ähli şertler döredilýär.

Bu ýerde sanly ulgamyň, ösen tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, dünýä ülňülerine laýyklykda sapaklar gurnalar. Sapakdan daşary geçirilýän çärelerde diňleýjilere hünär ugurlary boýunça kinofilmleri görkezmek, dürli mowzuklarda bäsleşikleri geçirmek, tejribeli, öz işine ussat hünärmenler bilen duşuşyklary guramak meýilleşdirilýär.

 

Taryhda şu gün: 14-nji iýun

Ýene-de okaň

Tatarstan Türkmenistanda söwda öýüni açmagy meýilleşdirýär

Balkan welaýatynda Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Masato Kanda: CAREC taslamalaryna 10 milliard dollar maýa gönükdiriler

Tatarystan Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Tramp: ABŞ-a goýlan maýa goýumlary 20 trln dollardan geçer

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri