SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

5-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne  basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 5-nji iýundaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Gün negatiw tendensiýalary getirýär. Islendik synanyşygyňyz islenýän netijeleri bermez. Aragatnaşygy azaldyň, täze tanyşlaryňyzy aýyryň – çakdan aşa ynanjaňlygyňyz maksadyňyza ýetmekde päsgelçilik döreder.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Durmuş potensialy azalýar. Köp kynçylyk getirjek söýgi duşuşygy bolup biler. Artykmaç aladalary etmejek boluň. Siziň çakdanaşa ynanjaňlygyňyz ýoldaşyňyzyň hakyky niýetlerini duýdurman biler. Gören düýşüňiz bir aýyň dowamynda amala aşmagy mümkin.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Özüňi höweslendirmek meýli, ýalňyşlaryňyzy boýnuňyza almazlygyňyz işde öňegidişligiň öňüni alar. Bu gün kosmiki energiýalaryň üýtgemegi bilen baglanyşykly, şonuň üçin ýürek meselelerinde kyn bolup biler. Garaşylmadyk söýgi meselelerini çözüp bilmezligiňiz mümkin. Planetalar adaty bolup duran zatlary bulaşdyrmazlygy maslahat berýärler – belki kynçylyklaryň köpüsi öz-özünden ýok bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Öz-özüňize erk etmegi we rahatlygy saklaň. Bolýan zatlara reaksiýa bildirmäň – köp zat diňe size bagly däl. Bu gün döredijilikli pikirleri, maýa goýumlary, uly satyn alyşlar bilen baglanyşykly ýagdaýlary durmuşa geçirmek üçin amatsyz. Günüň ikinji ýarymynda erbet habar ýa-da saglygyň erbetleşmegi ähtimal.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Täze romantiki güýmenjäniň bolmagy ähtimal, ýöne ähli zadyň diňe gowy tarapyny yzarlamak duýgularyň çuňlugyny ýa-da niýetleriň çynlakaýlygyny görkezmäge mümkinçilik bermez. Bu gün düýşler amala aşyp biler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Öňki toplanan negatiw energiýalardam azatlyk güni. Erbet endikleri ýok etmek bu gün size başardar. Netijede, adatdan daşary ýeňillik duýarsyňyz. Duşuşyklar, tanyşlar, gatnaşyklar üçin amatly. Uly söwdany etmäň. Çünki olar gereksiz we amatsyz bolup çykarlar. Iýmitiňize aýratyn üns beriň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizan aýal-gyzlarynyň köne arzuwlaryny amala aşyrmagy ýa-da şahsy durmuşynda üstünlik gazanmagy mümkin. Mizan erkekleri gaty ägä bolmaly. Bu gün siz nädogry hereketleriňiz bilen wepaly dostuňyzy ýitirip bilersiňiz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Häzirki wagtda emosional gahar-gazap bolup biler. Garaşylmadyk wakalaryň we habarlaryň bir topary sizi bulaşdyrar. Bolýan zatlaryň hemmesini yzarlamaga, hemme zady pikirlenmäge, netijä gelmäge wagtyňyz bolmaz. Günüň ahyryna çenli hemme zady anyklap bilersiňiz we hatda ýagdaýy öz peýdasyna ulanyp bilersiňiz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Aragatnaşyklar, geleşikler, nikalar üçin amatly gün. Ýyldyzlar şeýle bir gowy ýerleşýär welin, islendik işde ilkinji gezekde üstünlik gazanarsyňyz. Ýerokarky güýçleriň göze görünmeýän goldawyny duýarsyňyz. Duýgy durmuşy kem-kemden kadaly ýagdaýa geler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün siz özüňizi diýseň bagtyýar we gowy duýarsyňyz. Kem-kemden gatnaşyklar kadaly ýagdaýa geler. Möhüm karar bermek üçin öz düşünjäňize bil baglaň. Günüň ikinji ýarymynda romantiki duşuşyklar bolup biler, bu bolsa uzak wagtlap ýatda galar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Günüň birinji ýarymy saglygyň ýaramazlaşmagy, esassyz nerw bolup biler. Gödek hereketlerden, kararlardan we netijelerden saklanmaga synanyşyň. Bu gün çagalaryňyz bilen gezelenç etmek üçin iň amatly gün. Günüň ikinji ýarymynda daluwlaryň köpüsi geljege gidip, durmuş ýoldaşynyň kalbyna düşünip we döredijilik hyjuwlaryny hakykata geçirip bilerler.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu günüň wakalary nerw ulgamyna we psihikaňyza ýaramaz täsir edip, dawa-jenjellere sebäp bolup biljek tolgunma we gaharjaňlygy döredip biler. Elbetde, bu dürli täsirlerden we tejribelerden, kynçylyklardan doly ozalky hepdeleriň netijesidir.

04-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama