SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Belarus ugurly nobatdaky ýörite gatnaw

Täze gelip gowşan habara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenistandan Belarus ugry boýunça ýörite uçar gatnawynyň ýene-de biri amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Birnäçe wagt mundan ozal beren habarymyzda, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenistandan Belarus ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny 2-nji iýunda amala aşyrjakdygyny mälim edipdik.

Täze habara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy ýene-de bir ýörite gatnawy ýerine ýetirer. Ol hem şu ýylyň 3-nji iýunynda ýerine ýetirilmegine garaşylýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy 30-njy maýda Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyny ýerine ýetirer.

Şeýle hem Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň hem ýakyn wagtda Türkmenistan-Stambul ugurly gatnawyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada hem gysga wagtda size habar ýetireris.

 

Türkmenistandan Belarus ugurly ýörite uçar gatnawy

Related posts

Dubaý daşary ýurtly syýahatçylary kabul etmäge taýýarlanýar

Türkmenistandan Minsk ugry boýunça ýörite gatnaw

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler