USAID Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda, milli hünärmenler, döwlet işgärler, jemgyýetçilik birleşikler, şeýle hem galyndylary dolandyrmak bilen meşgullanýan telekeçiler üçin okuw maslahatlaryň we forumlaryň 4-sinden ybarat bolan çareleriň tapgyryny tamamlady. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.
Türkmenistanyň Hökümeti daşky gurşawy goramak boýunça milli maksatnamalarynda we Durnukly Ösüş baradaky strategiýalarynda galyndylary dolandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ileri tutýar. Türkmenistanyň Hökümetiniň galyndylary azaltmak, olary gaýtadan işlenilmegini ýokarlandyrmak, sortlamak we utililizirlemek mehanizmlerini gowulandyrmak boýunça ileri tutýan ugurlaryny goldamak maksady bilen, USAID ýerli häkimiýet edaralarynyň, raýat jemgyýetiniň we ýerli telekeçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze usullary boýunça strategiki pikir alyşmalary geçirdi.
Şu günki okuw maslahaty strategiki meýilnamalaşdyryşa bagyşlanyp, onuň esasy maksady ýerli galyndylary gaýtadan işleýän kärhanalaryň iş agramyny azaltmak üçin ýerli häkimiýet edaralaryň we telekeçileriň arasyndaky, galyndylary sortlamak we utilizirlemek bilen baglanyşykly täze hyzmatdaşlyk mehanizmlerini gowulandyrmak boldy. USAID-iň bu ugurdaky ýakynda geçirilen çäreler Türkmenistanyň bäş walaýatynda galyndylary dolandyrmak infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegine ýardam berdi, şeyle hem daşky gurşaw meseleleri barada degişli taraplaryň habarlylygyny ýokarlandyrdy. Şu günki çärä USAID-iň üstünlikli tejribesine esaslanyp, ýurduň daşky gurşawy goramak baradaky alyp barýan işiniň, halkara derejesinde ykrar edilen standartlaryna laýyk getirmekligine ýardam berdi. Halkara standartlaryna laýyk gelmeklik ýerli guramalaryny we kärhanalaryny galyndylary azaltmaga, önümçilik çeşmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de galyndylary dolandyrmak bilen baglanyşykly çykdajylaryny azaltmaga höweslendirýär, bu bolsa olara bäsdeşlik artykmaçlygyny we hyzmatdaşlaryň ynamyny gazanmaga kömek edýär.
USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we QED Group LLC tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar. Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.