Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we birek-biregi Oraza baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, türkmen hem-de eýran halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Döwlet Baştutanlary ruhy päklik, belent ahlaklylyk we hoşniýetlilik ýaly adamzadyň beýik gymmatlyklarynyň ähmiýetini ündeýän bu nurana baýramyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine, külli musulman ymmatynda dostlugyň, özara goldaw bermegiň, raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini nygtap, mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde tutulan orazalaryň, amal edilen ybadatlaryň hem-de ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen we soňky ýyllarda has-da ösdürilýän, deňhukuklylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de özara hormat goýmagyň baý tejribesine we ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Şu ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Geçen döwürde türkmen-eýran gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ulgamlarda işjeň ösdürildi we kämilleşdirildi. Şunda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Seýed Ebrahim Raisi halkara durmuş, sebitdäki ýagdaýlar, aýratyn-da, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini tassykladylar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bar bolan mümkinçilikleri hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanlary türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini belläp, netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhüm gurallarynyň biri hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işine uly ähmiýet berilýändigini nygtadylar.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly orun eýeleýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygy barada aýtmak bilen, bilim, ylym, medeniýet we sungat, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Söhbetdeşler iki ýurduň hem mizemez dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, türkmen we eýran halklarynyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarda mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegi üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtadylar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanlary türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki goňşy ýurduň halkyna ýagşy arzuwlaryny beýan etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi