Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda ýaşlar baradaky alada, ýaş nesliň oýlap tapyjylygy, döredijiligi we olaryň zähmete höweslendirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda hünärli, bilimli ýaşlary bäsleşikli zähmet bazaryna çekmek hem-de olary täze döwrebap iş orunlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Milli ykdysadyýetimiziň depginli we durnukly ösüşini üpjün etmek işleri, bazar infrastrukturasynyň pugtalandyrylmagy, erkin bäsleşigiň ösdürilmegi, hususy telekeçileriň başlangyçlarynyň höweslendirilmegi, täze önümçilik, medeni, durmuş üpjünçilik desgalarynyň gurulmagy we işe girizilmegi, hyzmatlar ulgamynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi, şeýle hem ýurdumyzda döwrebap iş orunlarynyň döredilmegi ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okamagyň we okatmagyň, öwrenmegiň we öwretmegiň iň öňdebaryjy döwrebap tehnologiýalaryna daýanýan, täze usullar giňden ornaşdyrylýar. Zähmet bazary ykdysady özgertmelere näçe çalt uýgunlaşmagy başarsa, ykdysady pudaklaryň hem bilimli hünärmenlere bolan islegleriniň şonça-da tiz kanagatlandyrylýandygyny durmuş tejribesi görkezýär. Ýurdumyzyň innowasion ösüşinde netijeli iş bilen üpjünçiligi döretmek we ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak üçin bilim ulgamy bilen zähmet bazarynyň özara baglanyşygynyň üpjün edilmegine uly üns berilýär.
Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň hasabyna sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňeýär. Adamlaryň ylym-bilime bolan talaplarynyň artmagy, sanly ykdysadyýetde maglumat ulgamynyň hem-de tehnologiýalaryň ähli ýerde, islendik wagtda elýeter bolmagy özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna giň ýol açýar.
Ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar. Onuň çäklerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem anyk çäreler bellenilýär. Şeýle-de bu ugurda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bellenen wezipelere laýyklykda amala aşyrylýan işler, gazanylýan üstünlikler täze başlangyçlara ýol açýar.
Sanly ykdysadyýetiň kämilleşmegi bilen, bäsleşige ukyplylyk hem artýar. Ykdysady kuwwatyny artdyrmak isleýän islendik döwlet özüniň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga çalyşýar. Häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biri milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşini üpjün etmekdir.
Ösen tehnologiýalaryň we aragatnaşyk ulgamynyň kömegi bilen ykdysady pudaga degişli maglumatlary ýygnamak, seljermek, ýaýratmak möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda ykdysady ösüşiň we önümçilik depgininiň artdyrylmagyna, dolandyryş düzüminiň işiniň kämilleşmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysady ösüşi üpjün etmekde sanly ulgamyň näderejede möhüm bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Täze şertlerde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde tutýan ornunyň pugtalanmagyna, bäsdeşlige ukyplylygynyň, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Hut şu wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna we sanly özgertmeleriň giň möçberde amala aşyrylmagyna itergi berer. Häzirki döwürde ulanylýan sanly innowasiýa tehnologiýalary ösüşiň täze tapgyryna geçmek üçin biziň döwletimizde berk maddy binýadyň bardygyny alamatlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek strategiýasynyň çäklerinde sanly hyzmatlaryň bazarynyň gerimini giňeltmek işine hem uly ähmiýet berilýär. Ýakyn geljekde durmuş hakykatymyzyň bir bölegine öwrüljek bu hyzmatlaryň, ilkinji nobatda, müşderiler üçin döredýän amatlyklary barada durlup geçilmegi sanly hyzmatlaryň bähbitli taraplary baradaky düşünjelerimizi giňeltmek, olar babatynda dünýägaraýşymyzy özgertmek nukdaýnazaryndan maksadalaýykdyr.
Akgözel Suwlyýewa,
Ýagsygeldi Kakaýew adyndaky Halkara we nebit gaz uniwersitetiniñ uly mugallymy.