DÜNÝÄ

Grin Kard boýunça utujylar haçan belli bolýar?

Green Card (Grin Kard) boýunça utujylar haçan belli bolýar? Bu köp soralýan soraglaryň biri bolmak bilen bir hatarda, käbir ýagdaýda  entek utujylar belli bolmanka hem “Sen grin Kard ýeňijisi bolduň” ýaly kezzapçylyk we hilegärlik edilýän ýagdaýy bolup bilýär. Şol sebäpli ilki netijäniň haçan belli bolýandygy baradaky maglumat möhüm bolup durýar. Şeýle hem netijäni nireden öwrenmeli diýen ýaly soragyň jogaby hem wajypdyr!

Mälim bolşy ýaly, her ýylda ABŞ-nyň Grin Kard Lotereýa meýilnamasy, ABŞ-a immigrasiýa derejesi az bolan ýurtlarda doglan 55 000 adama, ABŞ-a hemişelik gitmek mümkinçiligini berýar. Şu lotereýada utujy saýlama kompýuter arkaly geçirilýär we utujylaryň sany dünýa boýunça alty geografik regionlara paýlanylýar.  2021-nji  ýyl boýunça tabşyrylan soragnamalar boýunça utujylar ýakynda belli bolýar. DW-2023 meýilnamasyna gatnaşmak isleýanleriň soragnamasy internet arkaly 2021-nji ýylyň 6-njy oktýabryndan başlap, 9-njy noýabra çenli kabul edildi.

Utujularyň köp göterimi, ABŞ-a immigraziýa az baran ýurtlarda dogulan adamlara berilýär. Utan adamlara, olaryň indiki etmeli ädimleri barada ýörite gözükdirme ulgam arkaly beriler.

ABŞ-nyň Grin Kard Lotereýa meýilnamasy boýunça maglumat merkezi https://dvprogram.state.gov/  saýtynda bellenişine görä, utujylar 2022-nji ýylyň Maý aýynyň 7-ne belli bolýar.

Utujy boldyňmy, netijäni barlamak üçin şu ýere basyň!

Möhüm maglumat: kezzapçylykdan we hilegärlikden ägä boluň!

Internet ulgamyndaky kezzapçylykdan we aldawa salýan sahypalardan, ýa-da elektron poçta arkaly gelýän nädogry maglumaty, resmi maglumat ýaly görkezip aldawa salýan internet sahypalardan seresap boluň!

Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

 

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Green Card (Grin Kard) boýunça resminamalar haçan kabul edilip başlanýar?

Ýene-de okaň

Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasy hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy

Russiýanyň daşary işler ministri Hazarýaka döwletleriň ilçileri bilen duşuşdy

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet saparynda bolar