Çigildemler hakynda gyzykly maglumatlar, bu gülleriň täsin aýratynlyklary barada öwrenmäge kömek eder. Dünýäniň köp ýurtlarynda meşhur. Çigildemler ideg etmegi talap etmeýär we daglyk, sähraly we çöllük ýerlerde ösüp bilýär.
Çigildemleriň watany orta Aziýa hasaplansa, hem olar Niderlandlarda has meşhurlyk gazanypdyrlar. Häzirki wagtda dünýäniň ähli künjünde çigildemleriň dürli reňkli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.
Çigildem – düýbi sogan görnüşli, owadan gyzyl gülli meýdan oty.
- Häzirki wagtda çigildemleriň 100-e golaý görnüşi belli bolup, olar öz gezeginde 1800 sorta bölünýär.
- Birnäçe asyrlap çigildemler Osman imperiýasynyň dolandyryjy dinastiýasynyň nyşany hasaplanypdyr.
- Açlyk döwürlerinde köp sanly ýewropalylar soganyň ýerine çigildemiň sogana meňzeş düýbüni iýipdirler. Çigildemiň sogana meňzeş düýbüni un bilen garyşdyryp hem poeýdalanypdyrlar.
- Aziýanyň birnäçe döwletinde henizem bu gülleriň sogana meňzeş düýbüni iýýärler.
- “Çigildem” sözi türk dilinden alnan we “selle” hökmünde terjime edilýär.
- Çigildemleri täjirçilik taýdan ösdürip ýetişdirmegiň iň ýokary derejesi 1952-nji ýylda bolup geçdi. Şol ýylda dünýäde gül ösdürip ýetişdirýänler bu ösümlikleriň 5544 görnüşini ösdürip ýetişdirdiler. Mysal üçin, häzirki wagtda bu görkeziji üç esse diýen ýaly köpeldi.
- XVII asyryň başynda çigildemiň düýbi Fransiýada gaty gymmat bolupdyr. Bir degirmen bir çigildem düýbi üçin öz degirmenini satandygy barada rowaýat hem bar.
- Çigildemiň sogana meňzeş düýbüniň eksportynda Niderlandlar dünýäde öňdebaryjydyr (90%). Bu ýurtda çigildem sortlaryny kepillendirmek boýunça halkara guramasy ýerleşýär.
- Çigildemler köp suwarmagy talap edenlerinde, niderlandlylar ýerasty suwlaryň derejesini emeli usulda ýokarlandyrýarlar.
- Çigildemiň reňki simwoliki many berýär. Gyzyl güller söýgini aňladýar, sary güller baýlygy aňladýar, ak güller adamyň bagyşlanmagyny isleýän ýagdaýlary aňladýar.
- Çigildemiň “Korollyk gijesi” atly sortunyň ýapraklary goýy benewşe reňkindedir. Bu ajaýyp gül Aleksandr Dýumany “Çara çigildem” eserini döretmäge ruhlandyrýar.
- Çigildemler Omar Haýýamyň XII asyrda ýazan goşgusynda ilkinji gezek agzalyp geçilipdir.
- Çigildem tohumlarynyň tebigy daşky gurşaw şertlerinde toprakda gögermegi üçin azyndan bir gyş ýerde ýatmaly bolýar.
- Gyşy geçiren çigildem tohumy ýazda 0-dan +10 ⁰С çenli ösýär. Ilkinji hepdelerde gijeki aýazlar olara zyýan bermeýär, diňe ösüşine päsgelçilik berýär.
- Güller diýary hasaplanýan Niderlandlar Patyşalygynyň Lisse şäherindäki Kýokenhof diýilýän çigildemler meýdançasyna her ýyl bir milliondan gowrak jahankeşde gezelenç edýär. Kýokenhof Niderlandlaryň günortasynda bolup, ol paýtagt Amsterdamyň günorta-günbatarynda ýerleşýär. Dünýäniň iň uly çigildem bagy hasaplanýan bu ýer 70 ýyldan gowrak wagt bäri jahankeşdeleri özüne bendi edýär.
- Şäherçe 15-nji asyrda gurlupdyr. Çigildem seýilgähi diýen düşünje 1949-njy ýylda şäherçedäki käbir gülçüleriň özara maslahatyndan soň peýda bolýar. Seýilgäh ilkinji gezek 1950-nji ýylda Bahar bagy ady bilen syýahatçy kabul edip başlaýar. Şol ýyl bu ýere 236 müň adam gezelenç edýär. Şanyň maşgalasy tarapyndan hem uly goldaw berilýän bu seýilgäh ýurduň ykdysadyýetine uly goşant goşýar.
Nurgözel Mürjikowa, TOHU-nyñ talyby.
“Açyk gapylarâ€: ÃagÅŸygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
