SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

23-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Ykbalyň bagt ýyldyzynyň size nämeler diýýändigini bilesiňiz gelse, 23-nji apreldäki täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

 

Bu gün maşgalaňyz bilen işjeň dynç almak,  sport bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Maddy meseleler hakda alada edersiňiz. Işde ünssüzlik we geldi-geçerlik etmegiňiz kärdeşleriň we ýolbaşçylaryň açyk duşmançylygyna sebäp bolup biler. Ýol hadysalaryndan seresap boluň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün täze taslamalary işläp düzmek bilen meşgullanmaly dälsiňiz. Köp ýygnaklar, höweslendiriji gepleşikler bolar, belki-de olaryň netijesinde özüne çekiji perspektiwalary açarsyňyz. Dürli iş amallarynda uly üstünlik gazanmagyňyz ähtimal.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Hyzmatdaşlyk babatynda bu gün gaty seresap we ünsli bolmaly. Ogluňyzyň ýa-da gyzyňyzyň öýe giç gaýdyp gelýändigi sebäpli köp alada etmeli bolmagyňyz mümkin. Awtoritarizm isleginden we başgalaryň kemçiliklerine aşa üns bermekden ägä bolmaly, ýogsam günüň ahyrynda ýeke galmak howpy abanýar. Bu gün aşa uly, berjäý edip bolmajak islegleriňizden saklanyň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Ýokary işjeňlik güni. Özüňize bolan ynamyňyzy kem-kemden ýitirmegiňiz hem ähtimal. Nerw sebäpli dowamly keseller güýçlenip biler. Bu hepde size telekeçilik we söwda etmek üçin amatly bolup biler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün şahsy hyzmatlar ulgamynda işleýänler üçin amatly. Söýgi lapykeçligini ýekelikde çekmek size kyn düşer. Bu gün size maddy kynçylyklar garaşýar. Täsirli adamlar bilen bolup biljek duşuşyklar bolsa, size geljekde kämilleşmäge, ösüşli menzillere ýetmäge ýol açar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün sizi özüne çeken duýga doly boýun egmeli bolarsyňyz. Häzirki wagtda işde we öýde agyr iş bilen meşgullanmak maslahat berilmeýär. Täze pikirlere ylham berjek intellektual we döredijilik işi size üstünlik getirer. Günüň birinji ýarymynda meýilnamalaryň bozulmagy mümkin.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün, maksatlaryňyzy we islegleriňizi anyk kesgitläp bilersiňiz. Ýolbaşçylyk etmek isleginden we başgalaryň kemçiliklerine aşa üns bermekden ägä bolmaly. Saglygyňyza äýratyn üns beriň. Gök önümleri iýmeklik siziň saglygyňyza peýda getirer. Şeýle-de ähli kynçylyklardan, işewür meselelerden dynç almak isleseňiz, baýyrlyklarda ýa ýaýlada ýakynlaryňyz  bilen dynç alyň.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Iş ýerinde ýalňyşmajak boluň. Kosmosyň sazlaşykly ýagdaýy maliýe abadançylygyna goşant goşýar. Günüň dowamynda, jemlenmegi talap edýän aýratyn kararlardan wr işlerden gaça durmaly.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün size köp islegleri çözmäge kömek etjek berk häsiýetler goşular. Ýalan sözlemeklik we gaçmaklyk size kömek etmez – diňe özüňize has köp zyýan berersiňiz. Hyýallara baş goşsaňyz hem ökünmersiňiz. Bu gün baýrakly sowgatlara mynasyp bolmagyňyz ähtimal.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Ähli ýakymsyz zatlary ýatdan çykartjak adam bilen duşuşmasaňyz, keýpiňiz doly nola düşüp biler. Emosional näsazlyklaryň döremek ähtimallygy bar. Häzir siz hökümet edaralaryna ýüz tutmaly bolsaňyz, arkaýyn boluň. Çagalara has köp üns beriň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Siz gaty gaharlanarsyňyz, üýtgäp bilýän keýpiňize doly boýun bolarsyňyz. Köne hasaplaşyklary tölemegiňizi soramak üçin uly bir mümkinçilik bar. Agşamlyk nahardan soň keýpiňiz üýtgär, özüňize gelersiňiz, ýagdaýlar gowulaşar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Siz şadyýan we işeňňir. Bu oňat gylyk-häsiýetler bolsa, hemme zatda-da netije berer. Günüň ikinji ýarymynda berhize berk eýeriň. Çagalara has köp üns beriň. Olaryň aljyramazlyklary ýa-da kynçylyk çekmezlikleri üçin uzak wagtlap olardan gözegçiligiňizi aýyrmaň. Ýöne hemme zady hem öz üstüňize almaň.

Maý aýy medeni we halkara çärelere baý bolar

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama