SIZDEN GELENLER

Syýahatçylyk pudagynda uly ösüşlere garaşylýar

Bütindünýä syýahatçylyk we gezelenç geňeşiniň (WTTC) soňky hasabatyna görä, syýahatçylyk pudagynda geljek on ýylda takmynan 126 million täze iş ýeri dörediler. Şeýle hem hasabatda bu pudagyň täze ykdysady işleriň üçüsinden birini döredip, global ykdysady dikelişe itergi beriji güýç boljakdygy bellenilýär.

Guramanyň Filippinleriň Manila şäherinde geçirilen global sammitine baş direktorlar, işewür ýolbaşçylar, hökümet ministrleri, bazar hünärmenleri we halkara habar beriş serişdeleri ýaly dünýä gezelenç we syýahatçylyk pudagynyň wekilleri ýygnandy.

Pudagyň ortaça ýyllyk ösüş depgini 2022-2032-nji ýyllarda takmynan 5,8 göterime barabar bolup, 14,6 trillion dollar möçberindäki bazar kuwwatyna deň bolar. Bu görkezijiniň dünýäniň ykdysadyýetiniň umumy möçberinň 11,3 göterimine deňeçer bolmagyna garaşylýar.

Bu ösüş depgini şol bir wagtda syýahatçylyk we gezelenç pudagynda täz iş orunlarynyň döremegine getirer. 2023-nji ýylda bolsa 2019-njy ýylyň görkezijilere ýetiler.

2019-njy ýylda syýahatçylyk pudagynyň umumy içerki önüme goşandy 10,3 göterim bolup, 9,6 trillion dollara deň bolupdy. Dünýäde emele gelen ýagdaýlar sebäpli pudagyň ösüşinde pese gaçmalar boldy.

Häzirki ýagdaýda pudakda 18 million iş orny täzeden dikeldildi. Bu hem 6,7 göterimlik oňyn ösüşiň gazanylmagyna şert döretdi.

Şeýle hem, Bütindünýä syýahatçylyk we gezelenç geňeşi myhmanhanalaryň jogapkärçiligini we syýahatçylygyny üpjün etmek üçin ähli myhmanhanalaryň iň az berjaý edilmeli ylalaşylan kriteriýalar toplumy bolan “Myhmanhananyň durnuklylygy çarçuwasyny” işe girizdi.

Bu başlangyç dünýädäki 50000-den gowrak myhmanhananyň bilelikde iri global toparlaryň goldawyny aldy. Bu kriteriýalar energiýa sarp edilişini ölçemek we azaltmak, suwuň ulanylyşyny ölçemek we azaltmak, galyndylary kesgitlemek we azaltmak, uglerod zyňyndylaryny ölçemek we azaltmak boýunça çäreleri öz içine alýar. Şeýle hem, ekologiýa taýdan arassa önümlerini ulanmak ýaly işler alnyp barlar.

Biziň ata Watanymyzda hem syýahatçylyk pudagyna uly ähmiýet berilýär. Her bir ýurt üçin syýahatçylyk pudagy möhüm ulgamlaryň biri bolup durýar. Dünýäniň çar tarapyndan gelýän syýahatçylar türkmen topragynyň taryhy ýadygärlikleri, täsin künjekleri bilen hem içgin tanyşýarlar. Türkmenistan halkara syýahatçylygynyň ähmiýetini doly ykrar etmek bilen, bu ugurda durmuşa geçirýän özgertmelerine toplumlaýyn çemeleşýär.

Ysmaýyl Allaberdiýew, TOHU-nyñ talyby.

 

Oba hojalykçy hünärmenlere iňlis dilini öwretmegiň usulyýet aýratynlyklary

Ýene-de okaň

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz