Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy ösüşiň belent derejelerine çykýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna geçilmegi, bilim we terbiýeçilik ojaklarynyň häzirki zaman kompýuterleri, multimedia-interaktiw enjamlary bilen üpjün edilmegi, dil öwrenmäge, takyk we tebigy derslere niýetlenen okuw otaglarynyň döwrebap enjamlar bilen üpjün bolmagy aýratyn guwandyrýan ýagdaýlardyr. Bu zatlar ýaş nesle berilýän bilimleri çuňňur özleşdirmäge ýardam edýär.
Ýaşlaryň ylym-bilim almaklary, saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolup, Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýän zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşiniň ylym, bilim ulgamy bilen baglanyşdyrylmagy örän buýsandyrýar.
Eziz Diýarymyzyň bilim ulgamy pederlerimiziň köp asyrlaryň dowamynda kemala getiren dünýägaraýyş, ruhy-ahlak we pelsepe gymmatlyklaryny, etnopedagogikanyň iň gowy nusgalaryny özüne siňdirendir. Ol halkymyzyň bilim we medeni derejesiniň dünýä ülňülerine deňleşmegi üçin amatly şertleri döredýär. Bu gün Türkmenistanyň raýatlary üçin gowy bilim almaga, söýýän hünärini saýlamaga, öz zehinini we ukybyny açyp görkezmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa ýaşlarda bilimlere bolan höwesi güýçlendirdi, orta, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly alyp barýan bilim özgertmeleriniň esasynda türkmen ýaşlary häzirki wagtda döwrebap bilim we kämil terbiýe alýarlar. Ýaşlaryň alýan bilim-terbiýesi olaryň gözýetimini giňeltmäge, bilim derejesini ýokarlandyrmaga, bilim edaralaryndaky okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmäge, watançylyk duýgusyny ýokarlandyrmaga, ata Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berýär.
Okuw meýilnamalaryna täze usullar, tejribeler ornaşdyrylyp, onuň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Muňa türkmenistanly okuwçylaryň, talyplaryň halkara olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edýändikleri aýdyň şaýatlyk edýär. Mekdep okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda dürli bäsleşiklere we olimpiadalara gatnaşmaklary zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga giň mümkinçilik döredýär.
Nurmyrat Zülpiýew,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
