Ýakynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllylgy mynasybetli, ýurduň hususy pudagynyň gazananlaryny görkezýän sergi geçirildi. Sergide hususy pudagyň dürli ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň 200-e golaýynyň pawilýonlary görkezildi. Şolaryň arsynda “Bereketli” hojalyk jemgyýeti hem bar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hojalyk jemgyýetiniň döredilmegine 30 ýyl dolýar. Bu barada “Bereketli” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Gülmerjen Kazakowa şeýle belleýär:
–“Bereketli” hojalyk jemgyýeti 1992-nji ýylda döredildi. Soňky 30 ýylyň içinde hojalyk jemgyýetimiz özüniň öndürýän ýokary hili önümleri bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly ynamyna mynasyp bolmagy başardy. Şu günki günde biziň zawodymyzda hünärmenleriň uly toplumy zähmet çekýär. Işleýänleriň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen ýurdumyzda hereket edýän kanunlara esaslanyp, hojalyk jemgyýetimiz birnäçe işleri amala aşyrýar.
“Bereketli” hojalyk jemgyýeti häzirki döwürde dünýäniň köp döwletleri we olaryň işjeň kompaniýalary bilen aragatnaşyk saklaýar. Olardan Daniýa döwletiniň “Deniş Kron” kompaniýasyny, Hindistanyň “ALLANA” kompaniýasyny, Polşa, Slowakiýa we beýleki dünýä döwletleriniň belli kompaniýalaryny görkezmek bolar. Biz olardan çig maly, et önümlerini alýarys we olary özümizde işläp, hojalyk jemgyýetimizde hereket edýän 20-ä golaý firma dükanlarymyza ilata hödürleýäris. Şeýle hem zawodymyzda sowadyjy enjamlaryň dürli görnüşleri ulanylýar. Et we iýmit önümleri üçin ýörite awtomaşynlaryň onlarçasy hereket edýär. Biz hyzmatdaşlyk saklaýan ýurtlarymyzdan çig maly, şöhlat örtüklerini, iýmit goşundylaryny, çaý önümlerini alyp, olary öz önümçiligimizde gaýtadan işlemegi ýola goýduk.
Ýurdumyzyň içinde we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere gatnaşmak biz üçin baý tejribe gazanmaga uly itergi berýär. 2007-nji ýylda telekeçiligi ösdürmegiň ýollaryny öwrenmek maksady bilen Amerikada telekeçileriň arasynda geçirilen okuwa biziň hojalyk jemgyýetimiziň hem hünärmenleri gatnaşdy. Şeýle geçirilýän sergilere gatnaşyp öz ýurdumyzyň çäklerinde 40-a golaý diplomlary, hormat hatlaryny aldyk. Hojalyk jemgyýetimizde öndürilýän şöhlat önümleri 2008-nji ýyldan bäri iýmit önümleriniň hili boýunça ýurdumyzda geçirilýän sergilere gatnaşyp, birinjiligi eýeläp gelýär. 2014-nji ýylda London şäherinde iýmit önümleriniň hili boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşyp, bäsleşigiň kubogyna mynasyp bolduk.
Bu gatnaşyklarynyň geriminiň barha giňemegi “Bereketli” hojalyk jemgyýetiniň geljekde has-da rowaçlanmagyna esas döredýär. Berekediň egsilmesin Bereketli!
Söhbetdeş bolan
Aýlar Atajykowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.