Bilşiňiz ýaly, energiýa dürli usullar bilen döredilip bilner. Häzirki wagtda adam elektrik toguny ulanman doly durmuşy göz öňüne getirip bilmeýär.
Şeýlelik bilen, energiýa hakynda iň gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris:
- Gyzykly bir hakykat, “energiýa” adalgasynyň gadymy grek filosofy Aristotel tarapyndan girizilip, soňra adam işjeňligine degişlidir.
- Täze Zelandiýa tarapyndan dolandyrylýan Tokelau adalarynda energiýanyň 100 göterimi Gün panelleri arkaly öndürilýär.
- Häzirki wagtda çakýan ýyldyrymy elektrik energiýasyna öwürmek üçin hem dürli taslamalar işlenip düzülýär. Entek bu ugurda doly netije gazanylmady.
- Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda gidroelektrik stansiýalarynyň üsti bilen elektrik öndürilmeýän ýekeje ştat ýok.
- Amerikada sarp edilýän elektrik energiýasynyň takmynan 20 göterimi sowadyjylary işletmek üçin ulanylýar.
- Islandiýada geýzerleriň gapdalynda oturdylan geotermiki elektrik stansiýalary ähli elektrik energiýasynyň ep-esli bölegini emele getirýär.
- Adaty ýel beketleriniň beýikligi takmynan 90 metre ýetýär we 8000-den gowrak bölekden durýar.
- Hytaý elektrik energiýasyny sarp etmekde dünýäde öňdebaryjy hasaplanýar. Bu ýurduň ilatynyň sany göz öňünde tutulanda, bu görkeziji gatybir geň waka däldir.
- Gyzykly bir hakykat, diňe bir Gün energiýasy bilen adamzadyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak hem mümkindir.
- Deňiz tolkunlary arkaly energiýa öndürýän elektrik stansiýalary hem bar.
- Ýel elektrik beketleri Ýer şarynyň elektrik energiýasynyň 2 göterimden hem az möçberini öndürýär.
- Energiýa öndürmek üçin zerur çeşmeler nebit we tebigy gaz bolup durýar.
- Binalaryň ähli görnüşlerine berilýän elektrik energiýasynyň takmynan 30%-i netijesiz ýa-da gereksiz ulanylýar.
Ayjahan Gurbanmyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/himiya-ylmynyn-tasinlikleri/