DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Russiýa söwda dolanyşygyny artdyrar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler ikiçäk we giňeldilen düzümde geçirildi.

Giňeldilen düzümde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna degişli birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow hem-de A.Owerçuk rus wekiliýetiniň Türkmenistana nobatdaky saparynyň ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä eýedigine şaýatlyk edýändigini belläp geçdiler.

Bu ugurda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has hem ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň zerurlygy nygtaldy. Abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerindäki özara hereketleriň oňyn tejribesi aýratyn bellenilip geçildi. Söhbetdeşler şeýle-de hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly meselelere hem garadylar.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň derwaýys orun eýeleýändigi bellenildi. Şu nukdaýnazardan, Energetika, gazhimiýa, senagat, ulag, logistika, söwda, maşyngurluşyk, oba hojalygy hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki geljegi uly ulgamlar nobatdaky gepleşikleriň ileri tutulýan ugurlary boldy.

Şu günki duşuşygyň çäklerinde şeýle-de Ýewraziýa ykdysady bileleşigini 2025-nji ýyla çenli ösdürmegiň strategiki ugurlarynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. Şonuň ýaly-da, bank, ýer kadastry we salgyt dolandyrylyşy ulgamlary boýunça özara hereketleriň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň depginine hem ýokary baha berdiler. Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegi barada gürrüň etmek bilen, taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna seredip geçdiler. Şunda Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem işjeň ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer ugur boýunça ähmiýetli özara mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, taraplar geljekde hem bilim, ylym we medeniýet ulgamyndaky işjeň gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns beriljekdigini nygtadylar.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti Baýdene gutlag iberdi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri