MEDENIÝET

Beýik Seljuk Döwleti: Taryhymyzyň ajaýyp sahypasy Sesli Makalada

Adamzadyň müňlerçe ýyllyk taryhynda türkmenler, olaryň ata-babalary özüniň mynasyp ornuny tutup geldiler.  Taryhymyzda Seljuk Döwletiniň orny örän ýokarydyr. Beýik Seljuklaryň taryhy barada biziň günlerimizde türkmen, türki, arap, iňlis, fransuz, grek, nemes, ermeni, gruzin dillerinde müňlerçe ylmy edebiýatlar we çeşmeler mälimdir. Sebäbi Seljuklar, Magrybyň we Maşrygyň syýasy, ykdysady, sosial, etniki, medeni taryhynda öz yzlaryny galdyrypdyrlar. Şonuň üçin biziň makalalar toplumymyzda esasan özümize, ýagny türkmen milleti bilen bagly sahypalary barada durup geçildi.

Biz Size öň merhum arheolog Bäşim Annagurbanowyň “Beýik Seljuklar Döwletiniň Taryhyndan” atly makalalar toplumyny ýetiripdik. Bäşim aga (pahyr) bilen taryhymyz barada giň makalalar toplumyny taýýarlap, köp sanly okyjylarymyza ýetirmegi maksat edinipdik. Şeýlelikde, Bäşim aganyň ýazan onlarça makalasyny saýtymyza ýerleşdirdik. Emma biwagt gelen ajal Bäşim agany aramyzdan aldy. Ýatan ýeri ýagty bolsun!

Biz Bäşim aganyň “Beýik Seljuklar Döwletiniň Taryhyndan” atly makalalar toplumyny  “Sesli Makalalar” görnüşine getirip, Atavatan TV YouTube kanalynyň üsti bilen Size ýetirip başladyk. Makalalara ses beren Bägül Kakalyýewa.

Biz häzire çenli 2 makala ses berip kanalymyza ýerleşdirdik. Siz aşakda berilýän linke girip ol makalalary sesli diňläp bilersiňiz. Sesli makalalar kitap okamaga wagty bolmaýanlar üçin amatly mümkinçilikdir.

Sesli Makala Bölüm -I (“Beýik Seljuklar Döwletiniň Taryhyndan”)

Sesli Makala Bölüm- II (Seljuk döwleti döredilýär: Muhammet Togrul Beg)

Hormatly okyjylarymyz!

 

Siz şeýle hem aşakda linki berilýän makalalary okap bilersiňiz!

Makalalar jemi 4 bölümden ybarat bolup, birinji bölüminde 1040-njy ýyldaky Daňdanakan ýeňşiniň  Seljuklar döwletiniň döremeginiň buşlukçysyna öwrülmegi barada gürrüň berilýär. Ikinji bölüm Seljuk döwletiniň döredilmegi we Muhammet Togrul beg baradadyr. Makalalarymyzyň 3-nji bölüminde bolsa Mälik şanyň hökümdarlygy barada gürrüň edilýär. Ahyrky bölümde, ýagny 4-nji bölümde bolsa Soltan Sanjar barada wakalar beýan edilýär.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/beyik-seljuklar-dowletinin-taryhyndan/

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/selcuk-dowleti-doredilyar-muhammet-togrul-beg/

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/maliksanyn-hokumdarlygy-beyik-seljuklar-dowleti/

 

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/soltan-sanjar-beyik-seljuklar-dowleti/

Ýene-de okaň

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Iňlis ýazyjy Buker baýragyna mynasyp boldy

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň MEÝILNAMASY

Ýylyň şygaryna bagyşlanan ajaýyp konsert

Ata Watan Eserleri

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi geçiriler