JEMGYÝET

«TOPH taslamasyny bellenen möhletlerde tamamlamak üçin birleşen tagallalar zerurdyr»

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny we ony bellenen möhletlerde tamamlamak üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz bu ýerde Hindistanyň düýpli hem-de täsirli garaýşyna, taslama gatnaşyjylaryň ählisiniň işini utgaşdyrmaga, netijeliligini ýokarlandyrmaga uly goşandyny goşmaga taýýardygyna bil baglaýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär. 

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin ykdysady taýdan maksada laýykdygyndan başga-da, sebitde durnuklylygy, özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmek işine uly goşant goşmaga, ýurtlaryň arasynda ykdysady hem-de syýasy taýdan ýakynlaşmaga ýardam bermäge niýetlenendir. Şoňa görä-de, Prezident Ram Nath Kowind, öz gezeginde, TOPH gaz geçirijisiniň howpsuzlygy we esasy iş ýörelgeleri bilen baglanyşykly meseleleriň tehniki hem-de bilermenler derejesinde ara alnyp maslahatlaşylyp bilinjekdigini nygtady.

Ýeri gelende bellesek, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň düýbi tutuldy. Umumy uzynlygy 1 müň 840 kilometre, geçirijilik ukyby ýylda 33 milliard kub metre deň bolan bu gaz geçiriji Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky «Galkynyş» gaz käninden Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçip, Hindistanyň Penjap welaýatyna baryp ýeter. Garaşylyşy ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň köp milliardly halky uzak möhletleýin energiýa howpsuzlygynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp biler.

 

Türkmenistan-Hindistan: deňiz portlary arkaly hyzmatdaşlyk

Ýene-de okaň

Türk ministri: türkmen gazy 1,5 million hojalygyň zerurlyklaryny üpjün eder

Oraza aýy-2025 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri