JEMGYÝET

Daşary ýurtlarda saýlawçylaryň 28,60 göterimi ses berdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek dowam edýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda,  şu günler Prezident saýlawlary boýunça öňünden ses bermek işleri dowam edýär. Has takygy, 2022-nji 6-njy marty ýagdaýyna görä, ýurt boýunça saýlawçylaryň 2,54 göterimi öňünden ses berdi.

Şol sanda:

Ahal welaýatynda 6,76,

Balkan welaýatynda 3,01%,

Daşoguz welaýatynda 1,90%,

Lebap welaýatynda 2,39%,

Mary welaýatynda 0,92%,

Aşgabat şäherinde 0,80%

Daşary ýurtlarda bolsa 28,60% ses berildi.

Öňünden ses bermek 2-nji martdan başlandy we 11-nji martda sagat 18:00-da tamamlanar.

Saýlaw-2022: Türkiýede ses bermek mümkinçiligi

Related posts

Türkmenistan Garaşsyzlyk toýuny toýlaýar

vepa

Türkmenistan ile Letonya ilişkileri Riga’da ele alınacak

vepa

Türkmenistanda smart telewizorlaryň önümçiligine girişiler

vepa