Ine, bu gün ýatdan çykmajak seneleriň biri, ýagny 8-nji mart – Halkara zenanlar güni. Bu şanly sene dünýäniň dürli künjeklerinde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Her bir ynsan özüniň ýakynlaryny – ejesini, aýal doganyny we jigisini bu baýram bilen tüýs ýürekden, mähirli gutlaýar. Durmuşynda ýatdan çykmajak sowgatlar bilen birlikde gül desselerini berýär.
Men hem häzirki wagtda özümiň bilim alýan baýry ýokary okuw jaýymda – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okaýan wagtlarymda Halkara zenanlar güni mynasybetli öz ejeme, mähriban käbäme ýatdan çykmajak zatlaryň birini sowgat bermek isledim we bu barada has köp oýlandym. Şeýle oýlanmalaryň netijesinde serime birnäçe pikirler geldi. “ATAVATAN TÜRKMENISTAN” halkara žurnalynyň agzybir hem-de döredijilikli zähmet çekýän işgärleriniň ýakyndan ýardam bermegi bilen mähriban käbämi Halkara zenanlar güni bilen ýakymly hem-de täsir galdyryjy, ýatdan çykmajak sözler bilen gutlamak üçin döredilen uly mümkinçilik ejemjana sowgat bermek üçin serime gelen pikirleriň iň naýbaşysy boldy.
Men hem şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, bizi bu ýagty jahana getiren, biziň ähli barlyklarymyzyň gözbaşy bolan mähriban lkäbäm Sizi Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn! Goý, hemişe Siziň güler ýüzüňiz solmasyn! Siziň janyňyz sag, belent başyňyz aman bolsun!
Kerem Nurýagdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
8-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama