Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkymyza peşgeş beren, “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly ajaýyp kitaby ruhumyzy belende göterdi. Bu ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş çäreleri geçirilýär. Milli Liderimiziň bu kitaby Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy. Kitapda döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetçiligiň öňünde eden çykyşlary ýerleşdirildi. Onda daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar baradaky pikirler jemlenendir. Şunuň bilen birlikde, täze neşirde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli teklipler beýan edilýär.
Täze neşiriň häzirki döwrüň halkara durmuşynyň köp sanly çylşyrymly sowallaryna jogap bermäge, ýurdumyzyň dünýä derejesinde alyp barýan işlerinde öňe sürýän çuňňur oýlanyşykly syýasatyna, ýurdumyzyň ählumumy ulgamda eýeleýän ornuna, öňde goýýan maksatlaryna we wezipelerine has aýdyň düşünmäge ýardam edýär. Şol bir wagtda bu neşir diňe bir syýasatşynaslar, diplomatlar, bilermenler we žurnalistler üçin däl-de, daşary syýasat bilen gyzyklanýan ähli raýatlar üçin peýdaly bolar.
Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan kemala gelen bu neşirde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyçda häzirki döwrüň syýasy-diplomatik ýagdaýlarynyň nazaryýetine we tejribesine başgaça garalýandygy baradaky pikir öňe sürülýär, onda özara hormat goýmaga, birek-biregiň bähbitleriniň hasaba alynmagyna, bar bolan meselelerdir gapma-garşylyklary çözmegiň usullary hökmünde güýç ulanmakdan ýüz döndermäge esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze gurallary teklip edilýär.
Neşirde sebit meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndaky, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitlerindäki we beýleki forumlardaky çykyşlary beýan edilýär. Olarda häzirki zaman ösüşiniň möhüm ugurlarynda anyk we ykdysady taýdan esaslandyrylan hyzmatdaşlyga, bilelikdäki köptaraplaýyn taslamalaryň amala aşyrylmagyna girişilmeginiň zerurdygy baradaky pikirler öňe sürülýär.
Milli Liderimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda çap edilen täze kitabynyň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin gollanma öwrülip, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere bilimleriň çeşmesi hökmünde hyzmat etjekdigi ikuçsyzdyr.
Döwranmuhammet Atagarryýew,
TOHU-nyň talyby.
21-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama