SIZDEN GELENLER

“Paýhas çeşmesi” – dürdäneleriň ummany”

Türkmenistanyň Prezidenti

GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

-Biziň milli mirasymyza halkymyzyň milli buýsanjy, milli häsiýetleri, milli ynanç-ygtykatlary, mahlasy, türkmenleriň ruhy älemi siňipdir. Bu milli mirasyň gözbaşy dünýäniň dörän ilkinji gününden gözbaş alyp, XXI asyrda – türkmen halkynyň bagtyýarlyk eýýamynda öz ösüşiniň ýokary belentliklerine ýetdi.

Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözlerini özünde jemleýän “Paýhas çeşmesi” kitaby bu günki gün her bir ynsanyň ýan kitabyna öwrüldi. Bu kitap adamyň esasy ýol görkezijisidir. Ondaky beýan edilýän atalar sözi we nakyllar halkymyzyň pähim-paýhasyny, watançylygyny we beýleki milliliklerini özünde jemleýär.

 

Adam arrygy hor bolar, ýer arrygy – şor.

***

Agaç barly bolsa, başy aşak.

***

Agajy içinden gurt iýer.

***

Ajyksaň – çopan ýanyna bar,

Suwsasaň – daýhan ýanyna.

***

Ak ekine ýokardan, gök ekine akardan.

***

Akrap geler gygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp.

***

Ala ekiniň hasyly-da kel-köse.

***

Ala sürülen ýeri çöp basar.

***

Alabahar alty gün, altysyda gaty gün.

***

Almany çöle ek, armydy baýra.

***

Almany çöle ek, üzümi köle.

***

Almanyň miwesi agajyndan alys düşmez.

***

Alys ýeriň bugdaýyndan ýakyn ýeriň samany ýagşy.

***

Armyt pudagynda sallanar, ýere düşer ballanar.

***

Arpa çörekden nan bolmaz, amanatdan – don.

***

Arpa eken, bugdaý ormaz.

***

Arpa iýen at menzil keser.

***

Arpa uny çym-ak, suw degdigi göm-gök.

***

Arpa ýykylsa, dok bolar, bugdaý ýykylsa, pak bolar.

***

Arpa ýykylsa – ammaryňy, bugdaý ýykylsa – samanhanaňy taýýarla.

***

Arykdan suw akar, daýhana Hudaý bakar.

***

At güýji arpada.

 

Taýýarlan Guwanç Garajaýew,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

 

Saýlaw-2022: ýene-de 2 dalaşgär hödürlenildi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň saglyk ulgamy we çaga saglygy

Sagdyn nesil — abadan geljek

Döwletli maslahata barýarys

Halk Maslahaty – agzybirligiň we jebisligiň beýik nusgasy

Döwletli tutumlara badalga

Täze taryhy eýýamyň döwletli maslahaty