DÜNÝÄ

Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Karar kabul etdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni geçiriler.

Öň habar berişimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Halk maslahatynyň mejlisde eden çykyşynda: «Bilşiňiz ýaly, men iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atdym. Bu gün bolsa özüm babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigimi beýan edip, ony siziň bilen maslahatlaşmak isleýärin.

Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin.

Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin.” diýip belläpdi.

Hormatly Prezidentimiziň bu başlangyjy Halk Maslahatyna gatnaşyjylar tarapyndan goldanyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlar baradaky öňe süren başlangyjyny makullaýan bolsaňyz, onda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy esasynda degişli işleri geçirmäge başlamagy nygtady. 

Peýdaly we gyzykly habarlary okamak üçin şu ýere basyp, saýtymyzyň Applikasiýasyny mugt ýükläp alyň!

Daşary ýurtlarda bilim almak üçin resminamalaryň terjimesi boýunça Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin : 

+993 63 78 96 73 &  +993 12 96 48 55

Gazagystan : Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleri 2022

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar