SIZDEN GELENLER

Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemekligiň ähmiýeti

Et we et önümleri adamzadyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir we hiç wagt özüniň ähmiýetini ýitirmeýär. Mallary gaýtadan işleýän kärhanalar, öz aralarynda öndürijiligi, konstruktiw aýratynlyklary, tehniki üpjünçilikleri bilen tapawutlanýarlar. Olara et kombinatlary, mal soýulýan nokatlar we guş kombinatlary girýär.

Ýokary tehniki enjamlar bilen üpjün edilen, häzirki zaman mallary gaýtadan işleýän kärhananyň aýratynlygy – maldarçylyk önümleriniň hiç birini hem zaýa etmän, olardan iýmit, däri-dermanlar we tehniki maksatlar üçin çig mallary alyp bilýänliginden ybaratdyr. Şeýle kärhanalardan başga ýerlerde mal soýulsa, onda gymmat bahaly çig mallaryň bir näçe görnüşleri (gan, süňk) zaýa edilýär we uly ykdysady zyýan çekilýär.

Mallary gaýtadan işleýän kärhanalaryň öňünde durýan wezipeler:

  1. Döwlet standartyna, tehniki şertlerine we weterinar kanunlaryna gabat gelýän, oňat hilli önüm we çig mal öndürmek.
  2. Ilaty etiň, et önümleriniň we tehniki önümleriň üsti bilen, adamlara geçýän kesellerden goramak.
  3. Mal soýulanda, zyýanly galyndylar bilen toprak, howa we suwlar hapalanmaz ýaly, öňüni alyş çärelerini geçirmek.
  4. Keselli mallar soýulmaga getirilende, infeksion we inwazion keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak.

Şu wezipeleriň ýerine ýetrilişini gazanmak üçin, mallary gaýtadan işleýän kärhanalary dogry ulanmak, berk gözegçilik astyna almak, getirilen mallary barlamak, sagdyn ýa-da keselli mallary anyklamak, meseleleri öňde durýar.

Elmira Nökerowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy.

 

Hytaý “Pfizer” koronawirus dermanyny satyn almaga rugsat berdi

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk