1930-njy ýyllarda ilkinji “СLASS” kombaýny we ýokary dykyzlykly sypal presleýän tehnikalar işlenip düzüldi. 1946-njy ýylda bolsa “СLASS” traktorlaryny öndüriji öz-özi hereket edýän ilkinji kombaýn bolan “HERCULES” üçin ýol açan “СLASS SUPER”-i hödürledi. Häzirki wagtda oba hojalygynda peýdalanmak maksady bilen ýokary öndürijilikli “СLASS” traktorlaryny öndürmeklige uly üns berilýär. Bu ugurda 11000-den gowrak işgär zähmet çekýär.
1993-nji ýylda “СLASS XERION” traktorlaryny öndürmeklige girişilipdir. Şeýle kysymly traktorlarda üýtgeşik aýratynlyklar bardyr. Şeýle hem onda dört tekeriň gapdallarynda goşmaça tekerler ýerleşdirilendir.
“СLASS XERION 4000” kysymly traktory 422 at güýjüne, “СLASS XERION 4500” kysymly traktory 476 at güýjüne we “СLASS XERION 5000” kysymly traktory bolsa 517 at güýjüne eýedir.
“СLASS XERION 5000” kysymly traktoryň iň ýokary tizligi sagatda 25 mildir, ýöne “СLASS XERION 4500” kysymly traktoryň hereket tizligini sagatda 31 mile çenli artdyryp bolýar. Bu traktorlar 4WD 5.0 bilen hereket edýär.
“СLASS XERION” traktorlarynyň öňünde ýerleşdirilen goşa hereket edýän göteriji 18 000 funt agyrlygy uzak wagtlap götermeklige ukyplydyr. Olaryň yz tarapynda alty sany örän güýçli göteriji birikmeler bardyr. Yzky üç nokatly gysgyç 22 480 funt agyrlygy götermeklige mümkinçiligi bardyr.
“СLASS XERION” traktorlarynyň öňki hem-de yzky tarapyny kadaly derejede balanslylygyny saklamaklyk örän möhümdir. Goşmaça balans bolmasa agramyň 55%-i öňki okda we 45%-i yzky okda bolýar. Dürli balans talap edilýän ýagdaýlarda modully berkitme ulgamyndan peýdalanyp, traktoryň öň tarapyna 7 500 funt, yzky tarapyna bolsa 11 000 funt agyrlygy goşup bolýar.
“СLASS XERION” traktorlarynda “СEBIS” (Сlass Elektron On-Board) diýlip atlandyrylýan 8,4 dýum bolan LСD ekran bardyr. “СEBIS” operatory iň ýokary öndürijilik üçin zerur maglumatlary toplamaga mümkinçilik berýär.
Yslam Muhammetow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU–nyň talyby.
10-njy fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama