Taryhyň gatlaryna ser salanymyzda türkmen halkymyzyň baý medeni mirasy, medeni gymmatlyklary bar. Bu günki gün Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda medeni gymmatlyklarymyzy içgin öwrenmek we olara akyl ýetirmek hem-de geljekki nesillerimize miras galdyrmak boýunça giň möçberleri işler durmuşa geçirilýär.
Elbetde, türkmen halky geçmişde hem-de şu günki günde bedewlerimize uly sarpa goýşy ýaly, özüniň alabaý itlerini hem ösdürip ýetişdirmeklige uly ähmiýet beripdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegine we türkmen alabaýlarynyň geçmiş taryhyna degişli maglumatlaryň toplanmagyna uly ähmiýet berilýär. Şeýle işleriň geçirilmegi bolsa türkmen halkynyň taryhyny, olaryň döreden milliliklerini öwrenmekde şeýle-de olary gaýtadan janlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Geçirilýän ylmy-barlag, gözleg işleriniň netijesinde beýleki birnäçe gymmatlyklar bilen birlikde türkmen alabaýyna degişli tapyndylaryň hem ýüze çykarylmagy olaryň geçmiş taryhyny has-da içgin öwrenmeklige giň ýol açýar. Talyp ýaşlar şeýle hem türkmen alabaýlary bilen içgin gyzyklanýan ähli adamlar üçin baý gollanma bolup durýan Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda hem şunuň ýaly gymmatly maglumatlaryň mynasyp orun eýelemegi, bu eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň dünýä çykaran gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýy barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu eseri milli mirasymyzy çuňňur öwrenmekde we wagyz etmekde şeýle hem türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden deňi-taýy bolmadyk milli gymmatlyklaryny has-da dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir.
Geçmiş taryhda türkmen alabaý itleri özleriniň gaýduwsyzlygy, goragy, mertligi bilen tanalýan bolsa, bu günki gün olar wepalylygy bilen uly meşhurlyga eýedir. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tumary hökmünde alabaýyň şekiliniň saýlanyp alynmagy we oňa Wepaly adynyň berilmegi bilen, alabaý bütin dünýäde täze gyzyklanma eýe boldy. Onuň egni milli lybasly ýa-da sport lybasyndaky keşbi türkmen sportunyň röwşen geljeginiň buşlukçysyna öwrüldi.
Eziz halkymyzyň baý medeni gymmatlyklaryny gorap saklamakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ysmaýyl Şaberdiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU–nyň talyby.