DÜNÝÄ

Türkmenistanda parnik gazlarynyň zyňyndylary azaldylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow dünýä ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada hasabat berdi.

Bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, sebit we ählumumy derejede yzygiderli işler geçirilýär. Bu babatda milli Liderimiziň halkara başlangyçlaryna esaslanyp, birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen 2019-njy ýylda tassyklanan, Howanyň üýtgemegi baradaky Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Pariž Ylalaşygyndan gelip çykýan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça resminama işlenip taýýarlanyldy, onda bu maksatlar üçin degişli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegi we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ulanmak meseleleri möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, häzirki wagtda Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň çäklerinde Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalar merkezi bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edilýär. Bu Merkez 2013-nji ýyldan bäri, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we Senagat ösüşi boýunça guramasynyň howandarlygynda hereket edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ekologiýa taýdan howpsuz ykdysadyýeti we senagaty ösdürmek babatda ýöriteleşdirilen edarasy bolan Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ähmiýetli bolup durýar. Bu gurama bilen ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena Konwensiýasynyň ozon gatlagyny dargadyjy maddalar baradaky Monreal Teswirnamasy boýunça Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin yzygiderli esasda anyk taslamalar amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu Teswirnamany ýerine ýetirmek babatda birnäçe taslamalar boýunça degişli resminamalar taýýarlanyldy.

Bu resminamalara türkmen tarapyndan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine gol çekmäge rugsat bermek teklip edilýär.

 

30 ýyllyk Maksatnamada göz öňünde tutulýan ugurlar

Ýene-de okaň

Ýens Stoltenberg maliýe ministri boldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda geçirilen YHG-niň mejlisine gatnaşdy

“Gremmi” baýragy: Beýonse we Kendrik Lamar üstünligi

Merkezi Aziýanyň Konsultatiw duşuşygynyň utgaşdyryjylarynyň duşuşygy

Özbegistanyň Prezidenti Malaýziýada saparda bolar

Gyrgyzystanyň Prezidenti Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrar