Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Gündelik täleýnamany bilmek siziň köpiňiz üçin gyzykly bolsa gerek. Hut şol sebäpli-de size 14-nji ýanwar gününiň ýyldyzyňyza görä täleýnamasyny hödürleýäris.
Mähriban okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky maglumatlary giňişleýin okap bilersiňiz.
Daş keşbiňize üns beriň. Bu gün, mümkin boldugyça, bergileriňizi paýlajak boluň. Sizi yza çekýän, ösüşlerden saklaýan ähli zatlardan dynmaga synanyşyň. Bu gün köpçülige çykmak üçin amatlydyr. Şahsy durmuşyňyzda durnuksyzlyk bolup biler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Häzirki wagtda gözýetimiňizi giňeldip biljek täze tanyşlar mümkin. Bu gün size üstünlik getirjek ýakymly işleri edip bilersiňiz. Romantiki duşuşyklary amala aşyrmak, agşamlygyňyzy şemli stoluň başynda iýmek, nika baglaşmak üçin bu gün diýseň gowudyr.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jöwzalar häzirki wagtda gatybir gowy şahsy gatnaşyklara eýe bolmaz. Täze tanyşlyk etmeli däl, tötänleýin gatnaşyklara girmeli däl, bu çynlakaý kynçylyklara sebäp bolup biler. Köçe-ýol hereketini doly berjaý ediň. Ünsli boluň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Häzirki wagtda seretanlar aýgytly çäre görmän, öz duýgurlygyna we ykbalyna ynanmaklary has gowudyr. Ýadyňyzdan çykarmaň, dünýä näçe optimistik seretseňiz, şonça-da şowlulyk geler. Ähli zat siziň garaýşyňyza baglydyr.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün täze tanyşlyklary açmak gaty ýakymly we peýdaly bolar. Durmuşyňyzda möhüm orny eýelejek adamlar bilen duşuşyp bilersiňiz. Artykmaç hereket etmek howpy bar, netijede iýmit siňdiriş ulgamynyň dowamly keselleri hasam erbetleşip biler. Keselleri bejermek üçin adaty däl usullary we lukmançylyk ylmynyň täze üstünliklerini ulanyň. Antibiotiklerden we dermanlardan gaça duruň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Häzirki wagtda sünbüleler ýokary derejede nerw dartgynlygyny duýup bilerler. Ujypsyz kemçiliklere üns bermäň, bagyşlamagy başaryň, dawa etmäň, özüňize aşä göwnüýetiji bolmaň. Bu gün ýakymly işleri hem getirer. Söýgüde bu gün size üstünlikler garaşýar. Ýatdan çykmajak duşuşyklaryň bolmagy mümkin.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Artykmaç iýmäň. Diňe özüňiz üçin däl, başgalar üçinem kömek soramak peýdalydyr. Otdan, ýanmakdan seresap boluň. Alkogol we serhoş ediji serişdeleri ulamaň. Az gürleşmäge synanyşyň, bu gün siziň energiýaňyz gowşak bolar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Ähli negatiw ýagdaýlary durmuşyňyza sapak görnüşinde kabul ediň. Her bir wakadan netije çykaryň. Bu gün alkogolly içgilerden we konserwirlenen önümlerden seresap bolmaly. Zäherlenmegiňiz mümkindir. Saglyk ýagdaýyňyza aýratyn üns beriň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Häzirki wagtda romantik tanyşlyk mümkin. Şeýle hem sauna, basseýnine baryp, dem alyş maşklaryny edip bilersiňiz. Bu bedeni bir aý öňünden berkitmäge kömek eder. Dostlaryňyzyň islendik meselede size kömek etmäge taýýardyklaryny ýadyňyzdan çykarmaň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün siziň islegiňize görä parahat we asuda bolar. Ýüregiňizi ýaralamak gorkusy bar. Sowuklama ýa-da ýadawlyk bolup biler. Bularyň hemmesi janlylygynyza, energiýalylygyňyza ýaramaz täsir eder.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Energiýaňyz bu gün pes derejede bolar. Häzirki wagtda durmuş ýörelgäňizi islegiňize görä üýtgetmek mümkin bolmaz. Aldanmajak boluň.
Içki sesiňizi diňläň. Şu gün kömek soramak hem amatlydyr. Edip bilmejek, mümkin bolmadyk zatlary etmekden saklanyň.