BIZNES

Türkmenistanda aýna owuntyklaryndan kompozit armaturasy öndüriler

Ýurdumyzda daşary ýurtdan getirilýän polat armaturasynyň ornuny tutýan kompozit gurluşyk armaturasynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, aýna owuntuklaryndan gurluşykda ulanylýan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Algap” hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen “Senagat tehnologiýalary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde önümiň nusgalyk tapgyry öndürilip, oňa degişli döwlet edaralaryndan hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalary alyndy.

Geljekde paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dürli ölçegdäki aýna owuntyklaryndan öndürilýän kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, bu pudaklar tarapyndan bazalt çig malyndan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça-da guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly kwars çägesinden aýna süýümini öndürmek we ondan polat armaturasynyň ýylda 15 müň tonnasynyň ýerini tutýan dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda A-98 kysymly benzin öndürilip başlandy

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler