Türkmen tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilip başlandy. Şeýlelikde, Azerbaýjan Eýran hem-de Türkmenistan bilen gazanylan üçtaraplaýyn tebigy gaz alyş-çalşygy şertnamasy esasynda türkmen tebigy gazyny alyp başlady. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) jemgyýetçilik gatnaşyklary we çäreleri guramak bölüminiň başlygynyň orunbasary Ibragim Ahmedow TASS habarlar gepleşigine habar berdi.
– Bu ylalaşyk esasynda eýran-azerbaýjan serhedinden tebigy gaz iberilip başlandy – diýip, SOCAR kompaniýasynyň resmi wekili belledi. Onuň aýtmagyna görä, tebigy gaz Azerbaýjana 2 ugur boýunça iberilýär.
– Birinji ugur – Nahiçewan awtonom Respublikasy. Oňa eýýäm gaz gelip başlady. Ikinji ugur, Eýran bilen serhetdäki Astara şäheridir – diýip, Ahmedow belledi. Ikinji ugur boýunça tebigy gazy kabul etmek babatda eýranly hünärmenler bilen bilelikde tehniki taýýarlyk alnyp barylýar. Astara şäherine hem ýakyn wagtda gaz üpjünçiliginiň ýola goýuljakdygyny belledi.
Ol iki ugur boýunça gündelik üpjün edilýän tebigy gazyň möçberi 4 million kubmetrden gowrakdygyny mälim etdi.
Ahmedowyň bellemegine görä, ýylyň başyndan bäri täze şertnama laýyklykda, tebigy gaz üpjünçiligi Eýranyň Türkmenistandan alýan tebigy gazynyň hasabyna amala aşyrylar.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde üçtaraplaýyn tebigy gaz alyş-çalşygy şertnamasyna gol çekildi. Bu şertnama laýyklykda, her ýyl Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana 1,5-den 2 milliard kubmetre çenli tebigy gaz iberiler.
Owganystan Yslam Emirliginden Türkmenistana minnetdarlyk haty