Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Hormatly her günki täleýnama bilen yzygiderli gyzyklanýan okyjylarymyz! Size
18-nji dekabrdaky nobatdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Çynlakaý kynçylyklar bilen baglanyşykly amatsyz gün. Ägä boluň, abraýyň peselmegi, maliýe ýitgileri, şowsuz şertnamalar, ýeňlişler, keseller ähtimaldyr. Siziň sabyrlylygyňyz we zähmetsöýerligiňiz ýolbaşçylaryňyzyň razylygyny gazanmaga ýa-da howandarlardan kömek almaga kömek eder.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Işgärler ýa-da başlyklar bilen aragatnaşyk gurmak, edara ýa-da guramalar bilen habarlaşmak üçin passiw, kyn gün. Dostlaryň maslahaty we töwellaçylygy, täsirli adamlaryň howandarlygy ýalan bolup biler. Söýgi gatnaşyklarynyň belli derejede pese gaçmaklygy ähtimal. Ýöne uzak wagtlap duýgudaşlyk we garaşylmadyk duşuşyk hem aradan aýrylmaýar. Günüň ahyryna çenli hemme zat gowy bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Günüň birinji ýarymy ýakymsyz habarlar we garaşylmadyk ýagdaýlar bilen tapawutlanar. Hatda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek bilen ahyrky netijä gelip bilersiňiz. Näme bolsa-da öz gyzyklanmalaryňyzy goramaly bolarsyňyz. Günüň ikinji ýarymynda hoşniýetli ýa-da ygtybarly dostuňyz bilen duşuşyklar kynçylykdan çykmaga kömek eder. Meseleleriň agyrlaşmagynyň öňüni almak üçin pul ýa-da gymmatly kagyzlar bilen baglanyşykly meselelere seresap boluň. Söýgi gatnaşyklarynda aýgytlaýjy karar bermeli bolarsyňyz.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Durmuş ýörelgelerini we dünýägaraýşyňyzy synagdan geçirjek dartgynly gün. Belki-de, şu günem öz pikirleriňizi, gyzyklanmalaryňyzy goramaly bolarsyňyz. Daş-töweregiňizdäkileriň erbet täsirine düşmezlige çalşyň. Günüň ikinji ýarymynda keýpiň we abadançylygyň erbetleşmegi mümkin.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Islendik agyr işden ýüz öwüriň, inisiatiwany görkezmäň. Bu gün ýapyşan her bir işiňizde şowsuzlyk bolup biler. Bu wakalara ýene bir güýç synagy hökmünde serediň. Ruhdan düşmäň, töweregiňizdäki adamlara düýpli baha bermek, giň dünýägaraýyş, aragatnaşykda çeýelik ýagdaýdan abraý bilen çykmaga kömek eder.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Gün agyr işjeňlik üçin amatsyz. Durmuş potensialy azalar, bu bolsa, hünär işjeňligine, dostlaryňyz bilen gatnaşyklara we umuman ykbalyňyza täsir eder. Sabyrly boluň, negatiw duýgulara ýol bermäň. Adamlary ynandyrmak ukybyňyz, sypaýyçylyk kyn ýagdaýdan çykmaga kömek eder.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Maliýe kynçylyklarynyň mümkinçiligini ýok etmek üçin köp tagalla etmeli bolarsyňyz. Öňe gitjek bolmaň. Paýhas we sabyrlylyk göz öňünde tutulan maksada ýetmegiň esasy şertleridir. Uzak möhletli meýilnamalar däl-de, belli bir girdejiler hakda pikirlenmäge çalşyň. Artykmaç duýgurlyk durnuksyzlyga we gaharjaňlyga sebäp bolup biler. Ýakyn gatnaşyklar babatynda gözegçiliksiz hyjuwlardan we töwekgelçilikli hereketlerden gaça durmaly.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Töwekgelçilikli iş üçin erbet döwür. Akrap zenanlary aýratyn seresap bolmaly: durmuş potensialyňyz pes derejede bolar. Bu bolsa bir topar keseliň döremegine sebäp bolup biler. Häzirki wagtda islendik negatiw duýgulary ýa-da fiziki işjeňligi ýok ediň. Ujypsyzja kynçylyklara üns bermäň – wagt geçer we hemme zat çözüler. Şahsy gatnaşyklar aç-açanlygy we ýylylygy bilen sizi begendirer.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Gün negatiw meýilleri başdan geçirýär: ýalan wadalar, biderek umytlar siziň halys degnaňyza deger. Islendik täjirçilik işi maliýe ýitgilerine sebäp bolar. Töwekgelçilik, telekeçilige biperwaý garamak kesgitlenen maksatlara ýetmegi ep-esli çylşyrymlaşdyryp biler. Adamlar bilen aç-açan aragatnaşyk ýaramaz netijelere getirip biler. Sabyr ediň, häzirki wagtda diňe garaşmak we syn etmek gerekdir.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk gurmak, öwrenmek, täze işe başlamak üçin amatly gün. Täze gözýetimleri açjak gowy habar bolup biler. Ýyldyzlar saglygyňyza üns bermegi maslahat berýärler. Belki, bu gün birneme näsazlygy, esassyz melanholiýany duýarsyňyz. Alkogolly içgileri ulanmak maslahat berilmeýär.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Bu gün ählumumy sazlaşyk, rahatlyk we hemme zatlaryň dogry ösmegi bilen uzak wagtlap ýatda galar. Saglygyňyz, aragatnaşyk ukybyňyz, alçaklygyňyz ýokary derejede bolar, bu size islendik işe baş goşmaga we maksadyňyzda ep-esli öňe gitmäge mümkinçilik berer. Günüň ikinji ýarymynda ýakyn adamyňyzyň saglyk bilen baglanyşykly kynçylyklary bolup biler.
0