SPORT

“Mançester Sitiniň” 7:0 hasaplyk ýeňşi

Angliýanyň “Mançester Siti” topary ýurduň milli çempionatyndaky 17-nji tapgyrynda uly hasaply ýeňiş gazandy. Hosep Gwardiolanyň ýolbaşçylygyndaky “Mançester Siti” topary 2019-njy ýyldan soňra ýene-de uly hasaply ýeňiş gazandy.

“Mançester Siti” topary 17-nji tapgyrda “Lids” toparyny 7:0 hasabynda utdy. “Mançester Siti” toparynyň düzüminde Foden, Kewin de Bruýne, Mahrez, Griliş, Stounz, Ake ýaly futbolçylar tapawutlandy.

2 ýyldan soňra ýene-de uly hasap bilen ýeňiş gazanan “Mançester Siti” topary 2019-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda “Uotford” toparyny 8:0 hasabynda utupdy.

“Mançester Siti” topary 18-nji tapgyrda “Nýukasl” topary bilen 19-njy dekabrda duşuşar.

“Mançester Siti” topary 7:0-lyk ýeňşi bilen 2021-nji ýyldaky ýeňişli duşuşyklarynyň sanyny 33-e ýetirdi. Olar bu babatda “Liwerpul” toparynyň 1982-nji ýyldaky 33 ýeňişli duşuşyk rekordyny gaýtalady.

 

Türkmenistandan Russiýa ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Related posts

47 ýyldan soňra finala çykdy

Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň Futbol assosiasiýalary Ähtnama gol çekişdiler

Dünýäniň iň gymmat sport klublary

Ata Watan Eserleri