JEMGYÝET

Adam atlarynyň manysy

 Oglan atlary:

  1. Abdysemet- bu at ,,Abdy’’ we ,,semet’’ sözlerinden emele gelen. Manysy ,,Bakynyň, müdiminiň ýagny Allanyň guly’’ diýmek.
  2. Abdysetdar- bu at ,,Abdy’’ we ,,setdar’’ sözlerinden emele gelen. Manysy ,,Geçirimliniň guly’’ diýmek.
  3. Abdyhalyk- bu at ,,Abdy’’ we ,,halyk’’ sözlerinden emele gelen. Manysy ,,Ýaradanyň ýagny Allanyň guly’’ diýmek.
  4. Abdyhalym– bu at ,,Abdy’’ we ,,halym’’ sözlerinden emele gelen. Manysy ,,Ýüregi ýukanyň, rehimliniň guly’’ diýmek.
  5. Abdyhemit- bu at ,,Abdy’’ we ,,hemit’’ sözlerinden emele gelen. Manysy ,,Öwgüliniň, şöhratlynyň ýa-da Muhammediň guly’’ diýmek.

Gyz atlary:

  1. Agowlak- bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Bagtly owlak çagasy ýaly bolsun’’ diýmek.
  2. Agylçeçek– bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Obanyň güli’’ diýmek.
  3. Adnagül- bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Hepdäniň anna güni doglan gül ýaly gyz’’ diýmek.
  4. Ajapsoltan – bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Owadan we hökümli gyz’’ diýmek.
  5. Ajap- gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Owadan görkana’’ diýmek.

11-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär

«Gadamly» gury ýük gämisi Azerbaýjanda dabaraly garşylandy

Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmen işewürleri britan bazaryna çykmagy maksat edinýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy