Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky 14-nji hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Täjigistanyň resmi habarlar gullugy habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň 15-nji sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň başynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň sammitini guramagyň möhümdigini belledi we myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Iki taraplaýyn dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylanda ozal gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana jogap resmi saparyna hemmetaraplaýyn taýýarlygyň zerurdygy nygtaldy.
Duşuşykda taraplar halkara guramalarynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem halkara we sebit gün tertibindäki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda döwlet saparynda boldy. Ol awgust aýynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Aşgabada döwlet saparyny amala aşyrdy we Awazadaky ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy.
Şeýle hem Täjigistanyň Prezidenti ýaňy-ýakynda, 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň sammitine gatnaşdy.