Maglumat adamzat durmuşynda elmydama möhüm rol oýnap geldi. Özüniň görnüşi boýunça dilden, ýazuw görnüşinde ýa-da häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň kömegi bilen maglumatlary alyp bolýar. XX asyrda ylmyň we tehnikanyň çalt ösmegi netijesinde maglumatyň jemgyýetdäki tutýan orny has-da artdy. Jemgyýetiň ösmegi maglumatlaryň ýaýramagy bilen baglydyr.
Her ýylyň 26-njy noýabry Bütindünýä maglumat güni hökmünde dünýä jemgyýetiçiliginde bellenilýär. Bu halkara güni 1994-nji ýyldan bäri bellenilýär. 1992-nji ýylda Bütindünýä maglumat gününi bellemek boýunça ýörite informasiýa forumy geçirilýär. Forumdan soňra bu at bilen halkara gününi bellemek kararyna gelinýär.
Häzirki wagtda maglumatlary almak üçin dürli görnüşli birnäçe çeşmeler kän. Kitaplary, gazetdir-žurnallary okamak, telewizora tomaşa etmek arkaly maglumatlary alyp bolýar.
Döwrüň ösmegi bilen jemgyýetiň maglumatlaryň operatiwligine bolan islegi hem artdy. Bu bolsa internetiň döremegine we soňabaka ol arkaly maglumatlary ýaýratmaklyga getirdi. Internet arkaly maglumat almak häzirki giňden ýaýrandyr. Web-saýtlar bu babatda iň operatiw usul hasaplanýar.
Aýlar Atajykowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.