DÜNÝÄ

Odri Azule täzeden ÝUNESKO-nyň baş direktorlygyna saýlandy

Birleşen Milletler Guramasynyň ylym, bilim we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň baş direktory wezipesinde gaýtadan Odri Azule saýlandy. Fransiýanyň wekili Odri Azule ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 41-nji mejlisinde geçirilen ses berlişikde 166 sesiň 155-sine eýe bolup, täzeden bu wezipä saýlandy.

– Bu ynam üçin size öz minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Dört ýyl ozal siz maňa ynam bildirip, bu wezipä saýladyňyz. Dört ýyl geçensoň, ýene maňa ynandyňyz. Uly jogapkärçiligiň guramamyzdadygyna düşünýärin. Öňümizdäki ýyllarda ÝUNESKO-nyň bähbidine hyzmat etmek üçin elimden gelenini ederin “-diýip, Odri Azule saýlanandan soňra eden çykyşynda belläp geçdi.

ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň wezipe möhleti 4 ýyl. 2017-nji ýylda Odri Azule bu wezipä saýlandy. Ol şol döwürde Fransiýanyň medeniýet ministri wezipesinde işleýärdi. Odri Azule ÝUNESKO-nyň ozalky baş direktory bolgariýaly Irina Bokowanyň ornuna saýlanypdy.

Mälim bolşy ýaly, Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 41-nji mejlisi geçirilýär. 24-nji noýabra çenli dowam edýän bu maslahata gurama agza 193 ýurduň wekilleri gatnaşýar.

Soňky 4 ýylyň dowamynda ÝUNESKo edarasy özüniň işiniň netijeligini ýokarlandyrmak üçin köp işleir alyp bardy. 2018-nji ýylda başlanan Yragyň Mosul şäheriniň gadymy böleginiň abatlaýyş işleri çaltlandyryldy.

Koronawirus ýokanjy sebäpli emele gelen çylşyrymly ýagdaýdan çykalga tapmak üçin ÝUEKSO edarasy ýaşlaryň bilim almagyny dowam etdirmegi üçin tagalla etdi. Bilim ulgamynda ählumumy koalisiýa döredip, 112 ýurtda okuwyň yzygiderligi üpjün edildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkiýe bilen gatnaşyklarymyz doganlyk häsiýetine eýedir

Ýene-de okaň

BMG-niň üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy

Özbegistanyň Senatynyň Başlygy Awaza geldi

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Awaza geldi

Ata Watan Eserleri

Malawi Respublikasynyň wekiliýetiniň toparlary Awaza gelip başlady

BMG-niň Baş sekretary Guterriş Gazagystanda

Zambiýa we Angolanyň wekiliýetleri Türkmenbaşa gelerler