Malaziýanyň Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MTCP) çäklerinde şu ýylky hünär ýokarlandyryş okuwyna türkmen hünärmenleriniň 27-si gatnaşdy we üstünlikli tamamladylar. Döwletara ylalaşyk esasynda alnyp barylýan bu möhletli okuwlar onlaýn görnüşde geçirildi. Bu barada Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berýär.
Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda bolsa MTCP uçurumlary bilen hoşallyk duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Malaýziýanyň Ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylýan wekili jenap Haýrul Hezri Arifin bilen bu maksatnamanyň netijeleri barada pikir alyşdy.
Malaýziýaly diplomat şeýle tejribe alyş-çalşygynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar üçin uly goşant goşýandygyny we şeýle okuw meýilnamalaryň yzgiderli boljakdygyny aýratyn nygtady.
Bu onlaýn okuwlara Türkmenistanyň ministrlikleriň, ykdysadyýet we maliýe, ylym-bilim, energetika we oba hojalyk pudaklarynyň hünarmenleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda ykdysady diplomatiýa, global energetika, maliýe we maýa goýum, saglyk we tehnologiýa ýaly jemi 12 ugur boýunça geçirildi.
MTCP – Malaýziýanyň Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasy 1980-nji ýylda Malaýziýanyň ösüş tejribelerini we beýleki ösýän ýurtlar bilen tejribe alyşmak arkaly Günorta-Günorta hyzmatdaşlyga ygrarlylygy hökmünde döredildi.
MTCP-iň maksatlary:
- Beýleki ösýän ýurtlar bilen tejribe alyşmak;
- Ösýän ýurtlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak;
- SSC-ny (South-South Coorparation) höweslendirmek we ösdürmek;
- Ösýän ýurtlaryň arasynda tehniki hyzmatdaşlygy höweslendirmek we ösdürmek.
Häzirki wagta çenli MTCP maksatnamasynda 144 döwletden 35000-den gowrak adam gatnaşdy. Bu maksatnama Malaýziýanyň hökümetiniň hemaýatkärliginde amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi