Göz gamaşdyrjy täsinliklere eýe bolan, başyny göge diran owadan binaly şäherleri göreniňde özüne haýrana goýup, adamlarda täsin duýgulary oýandyrmagy başarýar. Adamlara rahat ýaşaýşy hödürlap, sosial taýdan ýokary derejä göterilmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda şäherler medeniýetiň, sungatyň has ösen nokady hasaplanyp, dünýä ýüzündäki jahankeşdeleriň üns merkezine öwrüldi. Çylşyrymly, ajaýyp gurluşly ymaratlaryň muzeýleriň, taryhy binalaryň ýerleşýän şäherleri syýahatçylaryň iň köp düşleýän merkezleri hökmünde bilinýär. Häzirki wagtda dünýäde köp sanly haýran galdyryjy şäherler bolup olara: Moskwa, Tokio, Seul, Pekin, Brýussel, Şanhaý, Pariž hem-de paýtagtymyz Aşgabat ýaly biçak köp şäherler adamlaryň syýahatçylyk üçin gitmegi halaýan ajaýyp ýerlerdir.
2013-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her ýylyň 31-nji oktýabry “Bütündünýä şäherler güni” diýlip yglan edildi. Bu güniň döredilmeginiň esasy maksady dünýäde täze şäherleri döretmek hem-de olarda ekologiki arassaçylygy üpjün etmek bolup durýar. Biz üçin oňaýly şertleriň döredilip, ýaşaýşymyzyň aňsatlaşdyrýan şäherleriň ekologiki taýdan arassa saklap, olary gözümiziň göreji deýin gorap saklamak biz ýaşaýjylaryň esasy borjydyr.
Özüňi süýji düýşde duýdurýan bu şäherler gözelligi, görküne-görk goşup oturan üýtgeşik gurluşly ymaratlary, dünýäde gazanan meşhurlygy bilen her bir ynsan tarapyndan goralmaga laýykdyr. Jahanda mermer binalary, göze ýakymly, aklyňy haýrana goýýan jaýlar bilen paýtagtymyz Aşgabat şäheri göreni haýrana goýýar. Gün-günden gözelleşýän paýtagtymyz bu günki gün dünýä şäherleriniň arasynda öz mynasyp ornuny eýeleýär.
Selbi Hojanyýazowa
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
filosofiýa hünäriniň III ýyl talyby.
Türkmenistandan Russiýa 25-nji uçar gatnawy amala aşyryldy