JEMGYÝET

Sakgyçlar barada maglumatlar

Dünýäde ilkinji sakgyçlar 1848-nji ýylda Jon Kurtis tarapyndan öndürilýär.  Ol öz tejribesi bilen sakgyç oýlap tapýar.

Arheologlar öz işlerinde sakgyjyň 10 müň ýyldan hem köp wagt bäri ulanylandygyny tassyklapdyrlar.

Sakgyç 1950-1980-nji ýyllar aralygynda has köp peýdalanylypdyr.  Şol wagtlarda Çikagoda “William Wrigle” atly kompaniýa iň uly sakgyç öndürýän kompaniýa bolupdyr.

Ikinji jahan urşunda esgerler stresi aradan aýyrmak üçin sakgyç çeýnäpdirler.

Kaliforniýada Susan Montgmery  Williams  1994-nji  ýylda  dünýäde iň uly sakgyçda şar ýasap rekordlar kitabyna girýär.

Singapurda sakgyç çeýnemek we ýere sakgyjy zyňmak gadagan.  Munuň sebäbi  ýurduň şasy  lifte münen mahaly  sakgyç ýelmeşipdir. Soňra şa sakgyç çeýnemekligi gadagan edipdir.

Barlaglara görä ABŞ-da adam başyna  ýylda 160-180 sakgyç çeýnelýändigi aýdylýar.  Bu hem ýylda ortaça  250 müňlük tonna hapa birigýär.  Şonuň üçin hem sakgyç çeýnäp, diňe zibile zyňylmagy tabşyrylýar.

Sogan dograýarkaň sakgyç çeýnemek, gözüň ýaşarmasynyň öňüni alýar.

 

Türkmenistanyň “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine gatnaÅŸar

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Ilçihanasy Aşgabatda geçirilen “Diplomatiýa Güni” atly halkara sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

Ata Watan Eserleri

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary