Miweli işgiler özüniň ýokumlylygy bilen bir-birlerinden tapawutlanýarlar. Şeýle içgileriň biri hem kiwi şiresidir.Ýokary derejede iýmitlik ähmiýeti bolan kiwi miwesiniň daşy goňur tüýjümek, içki iýilýän bölegi bolsa, ýaşyl etli we gara çigitlidir. Süýümli miweleriň biri hasplanylýan bu miwäniň ýumşak gurluşy we süýji tagamy bardyr.
Kiwi şiresiniň birnäçe peýdaly aýratynlyklary bardyr. Olaryň biri süňk ulgamynyň berkligini üpjün etmek bolup durýar. Bu içgi kaliý, kalsiý, fosfor, we magniý ýaly köp sanly minerallary öz içine alýar. Bu minerallaryň ählisi süňkleriň kadaly ösmegi üçin örän zerurdyr. Ýörite hünärmenler tarapyndan geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde kiwi şiresinde K witamininiň köp mukdarda süňkler bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almaga ýardam edýär.
Kiwiden taýýarlanylýan miwe şiresi bedeniň immun ulgamyny güýçlendirmekde-de uly ähmiýete eýedir. Limon we apelsin bilen deňeşdirilende kiwi şiresinde has köp С witamininiň bardygyny hünärmenler belläp geçýärler.
Kiwi süýüme baýdyr. Birnäçe gözleg işleriniň netijesinde kiwi şiresi içegeleriň we iýmit siňdiriş ulgamynyň işleýişni ýeňilleşdirmek we iç gatamanyň öňüni almak üçin zerur bolan süýümiň bardygy ýüze çykarylypdyr. Kiwi şiresi iýmit siňdiriş ulgamy üçin örän gowy arassalaýjy serişdedir.
Kiwi şiresi dem alşy hem gowlandyrýar. Kiwi şiresinde bar bolan kaliý bedendäki duzuň kadaly bolmagyna uly täsir edýär. Şeýle kaliý gan damarlaryndaky dartgynlylygy gowşadyp, ýakry gan basyşyny sazlamaga kömek eder.
Annaorazow Azym
TOHU-nyň talyby
Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde täze desgalar gurlar
